Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň sudy Kosowanyň öňki premýer-ministrini aklady


Gaagada ýerleşýän BMG-niň harby tribunaly uruş jenaýatçylygynda aýyplanan Kosowanyň öňki premýer-ministri Ramuş Haradinaýy aklap höküm çykardy. Onuň bilen bile sud edilýän Idriz Balaý we Lahi Brahimaý hem aklandy.

Olaryň üçüsi hem 1998-1999-njy ýyllarda etniki Alban pitneçileriniň Serbiýadan garaşsyzlyk ugrunda göreşen döwründe serbleri öldürenlikde we gynanlykda aýyplanypdylar. Olaryň üçüsi hem günäni boýun almadylar.

Penşenbe güni çykarylan bu höküm ozalky Ýugoslawiýa boýunça Halkara jenaýat tribunalynda täzeden garalan ilkinji işdir.

Mundan ozal 2008-nji ýylda geçirilen sud prosesinde Gaaganyň sudy Haradinaýy we Balaýy aklamak barada höküm çykarypdy, Brahimaý bolsa günäli tapylyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Soňra suduň şikaýatlar geňeşi şaýatlara basyş görkezilenligine salgylanyp, suduň bu kararyny ýatyrypdy.
XS
SM
MD
LG