Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň daşary syýasat boýunça baş wekili Duşenbä bardy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili Ketrin Äşton Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherine bardy. Ol
Ýurduň prezidenti we beýleki ýokary derejeli resmileri bilen gepleşikler geçirdi.

Gepleşiklerden soň žurnalistler bilen duşuşygynda Äşton syýasy reformalary dowam etdirmäge, adam hukuklaryna we kanunyň hökmürowanlygyna hormat goýmaga ýurduň liderlerine çagyryş edendigini aýtdy. Äşton duşuşyklarynda Täjigistanda adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň möhüm rolunyň bardygyna ünsi çekendigini nygtady.

Äştonyň täjik oppozisiýa partiýalary we hökümetden aýry guramalar bilen duşuşandygy habar berilýär.

Äştonyň Täjigistanyň premýer-ministriniň orunbasary Matlubhon Dawlatow bilen duşuşygynda Täjigistanyň oba hojalygyna goldaw bermek barada ylalaşyga gol çekildi.

ÝB Täjigistanyň oba hojalygy üçin 16 million ýewro kömegini bermekligi planlaşdyrýar.

Mundan öň Äşton hepdäniň dowamynda özüniň MA ýurtlaryna saparynyň çäginde Gyrgyzystana we Özbegistana sapar etdi. Anna güni ol Gazagystana barýar.
XS
SM
MD
LG