Sepleriň elýeterliligi

Mejit Teke: “Türkmen aýdym-sazyna ömrümi goýdum”


Eýranyň Türkmensähra sebitinden belli türkmen sazandasy Mejit Teke.

Eýranyň Türkmensähra sebitinden belli türkmen sazandasy Mejit Teke.

Mejit Teke diňe Eýranyň demirgazygyndaky Türkmensähra sebitinde däl, eýsem dünýäniň beýleki sebitlerindäki türkmenleriň arasynda-da giňden tanalýan saz ussatlaryndan biri. Mejit Teke Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde onlarça müň gadymy türkmen aýdymlaryny ýygnap, çapa taýýarlandygyny, käri boýunça dermançy bolsa-da, öz durmuşyny aýdym-saza bagyşlandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Hormatly Mejit Teke, siziň “Döwletmämmet Azady” adyndaky aýdym-saz toparyňyzyň işlerinde näme täzelikler bar?

Mejit Teke

Mejit Teke

Mejit Teke: “Döwletmämmet Azady” adyndaky aýdym-saz toparymyzyň täzelikleri barada aýdylanda, geçen ýylda bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hem Tähranda we Türkmensährada bize ata-babalarymyzdan miras galan gadymy “Küştdepdi” tansyny gyz-oglanlaryň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde sahna çykardyk.

Owal şeýle tanslary bärde diňe erkek adamlar ýerine ýetirip bilýärdiler. Ýene möhüm täzelikleriň biri hem, biz türkmen halk aýdymlaryny ýygnap ýörüs, olary kitaba geçirýäris. Şu wagt müňe golaý türkmen halk aýdymyny çapa taýýarladyk. Işlerimizi doly tamamlap, çap etmeklik rugsadyny alyp bilsek, halk köpçüligine ýetirmekçi bolýarys.

Azatlyk Radiosy: Türkmen dilindäki aýdymlaryňyza başga halklar nähili garaýar?

Mejit Teke: “Döwletmämmet Azady” aýdym-saz toparynyň düýbüniň tutulan wagty 1973-nji we 1975-nji ýyllara gabat gelýär. Ilkibada bir ýerde ýaşaýan öz dogan-garyndaşlarymyz bolup işe başladyk. Şol döwürde iki adam bolup bir sazy doly çalyp bilýän ýokdy.

Biz elimize dutar alyp, işe başlanymyzdan, köp agzaly topar bolup işe başladyk. Şol döwürde bagşymyz hem ýok diýen ýalydy. “Döwletmämmet Azady” adyndaky aýdym-saz toparynyň ilkinji resmi çykyş etmeleri 1984-nji we 1985-nji ýyllara gabat gelýär.

Şol döwürde Eýranyň ynkylabyna bagyşlanyp geçirilen festiwallara gatnaşmak mümkünçiligine eýe bolduk. Şol festiwallarda toparymyz 7-8 ýyllap birinji orunlary eýeledi. Ylaýta-da, biziň toparymyz iki sany Grand Pri, ýagny iň uly baýragyny başgalara aldyrman gezdi.



Ondan soň aýdym-saz toparymyzyň agzalary hem köpeldi. Şol dabaralarda Eýran döwletiniň içinde ýaşaýan başga kowumlardan bolan, meselem, azerbaýjan, kürt ýaly beýleki halklardan bolan doganlarymyz türkmeniň şeýle belent aýdym-sazynyň bardygyna göz ýetirdiler.

Türkmen aýdym-sazynyň şeýle belent hormata eýe bolmagyna guwanyp, Allatagala çäksiz şükür edýärin.
Ine, şondan bäri Eýranyň niresine barsaň hem, “Hä, siz türkmenmi?! Biz türkmeni ‘Döwletmämmet Azady’ aýdym-saz toparynyň üsti bilen tanadyk. Şeýle belent aýdym-sazyňyz bar ekeni” diýip, hormatlanýandyklaryna gaty köp duş gelinýändigini bize gelip öz doganlarymyz we ildeşlerimiz gürrüň berýärler.

Türkmen aýdym-sazynyň şeýle belent hormata eýe bolmagyna guwanyp, Allatagala çäksiz şükür edýärin. Şeýle ýagdaýda türkmen aýdym-saz sungatyny arassa suratda ýöredip bilýändigimiz üçin özümi bagtly hasap edýärin.

Azatlyk Radiosy: Türkmensähradaky türkmenleriň, esasan-da ýaşlaryň türkmen aýdym-sazyna gyzyklanmasy nähili?

Mejit Teke: Şeýle sorag orta atylanda, ilki bilen bir pikir has öňe saýlanýar. Ynsan tebigy ýagdaýda dürli-dürli salykatly, dürli-dürli zatlary söýen bolup bilýär. Mysal üçin, ylaýta-da biziň ýaly başga ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň arasynda käbir öz türkmen çagalarymyza we ýaşlarymyza ilkibada türkmen aýdym-sazyna düşünmeklik kynrak gelýär we olar başga aýdym-sazlara gönügip bilýärler. Ýöne, ýaşy kämilleşenden soňra, olar öz ata-babadan gelýän aýdym-sazyna düşünip, öz türkmen aýdym-sazlaryna öwrenişip başlaýarlar.

Mejit Tekäniň ýolbaşçylygyndaky “Döwletmämmet Azady” adyndaky aýdym-saz topary çykyş edýär.

Mejit Tekäniň ýolbaşçylygyndaky “Döwletmämmet Azady” adyndaky aýdym-saz topary çykyş edýär.


​Mundan daşaryn hem, biziň türkmen ýaşlarymyz bärde geçirilýän dürli medeni çärelere, konsertlere, çykyşlara gelip, “Türkmen dutary nädip çalynmaly, nädip aýdym aýdylmaly” diýen dürli-dürli bäsleşiklere gyzyklanyp, gatnaşyp, barha uly höwes bildirýärler. Olar san taýdan artaýmasa, azalanok. Şeýle ýagdaýa men gaty begenýärin we buýsanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürlerde döwrebap aýdymlar ýörgünli bolýan ýaly. Bu ýagdaýyň siziň işleriňize bir täsiri barmy?

Mejit Teke: Elbetde, bu ýagdaýyň biziň işlerimize täsiri ýok diýip bilmerin. Şeýle täsiriň öňüni almaklyk üçin ilkibaşda biz türkmeniň aýdym-sazynyň buýsanar ýaly şeklini orta çykarýarys. Dutar we gyjak bilen çalnanda, şeýle-de diňe dutarda çalnanda, türkmen aýdym-sazynyň nämesine buýsanmaly – ine, şuny öňe çykarýarys.

Türkmeniň dutary, aýdym-sazy öz ornuny saklamaly we aýratyn seredilmeli.
Dutaryň tehniki taýdan aýratynlygyny we üstünligini aýtjak bolsam, gürrüň gaty uzaga çekip biler. Türkmeniň milli saz guraly bolan dutary men dünýäde ýeke-täk saz gural hökmünde tanaýaryn. Näme üçin diýlende, şeýle tehniki aýratynlygy bolan dünýäde ýeke-täk saz guralymyz bar. Ine, şonuň üçin hem, türkmeniň dutary, aýdym-sazy öz ornuny saklamaly we aýratyn seredilmeli.

Soňky döwürlerde bolşy ýaly, başga saz gurallar bilen goşup çalynjak bolsa, çalynybersin türkmen heňleri. Ýöne, köpçülik tarapyndan gelýän pikirlere görä, başga saz gurallary we heňleri türkmen aýdym-saz sungatyna zyýan bermez ýaly, aýratyn, özbaşdak çalynmaly.

Azatlyk Radiosy: Dr. Mejit Teke, “Döwletmämmet Azady” adyndaky türkmen aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy hökmünde siz Türkmenistandaky türkmen aýdym-saz sungatynyň häzirki ýagdaýyna siz nähili baha berýärsiňiz?

Mejit Teke: Soňky ýyllarda şol ata-babadan gelýän dutarly aýdym-saz sungatyna biraz baha berlip ugrandygyna begenýärin. Mysal üçin, öz halypalarymdan gyjakçy Baýrammyrat Söýün halypama, Annaseýit halypama we beýleki bagşy oglanlaryň birnäçesine Türkmenistandaky doganlarymyz düşüner ýaly aýtsak, (ýaşamak üçin) “elitnyý jaý” berlipdir. Şoňa men gaty begenýärin.

Her hili ýagdaýa garamazdan, türkmeniň dutary öň her hili saz guraly bilen garyşdyrylyp çalynjak bolan hem bolsa, özi saýlanyp gaýdyberdi bärik. Bu ýagdaýa özüm begenýänem, guwanýanam.

Mejit Teke (sagda) we maşgala agzalary

Mejit Teke (sagda) we maşgala agzalary


Azatlyk Radiosy: Dünýä türkmenlerinden haýsy bagşylar bilen gatnaşygyňyz bar?

Mejit Teke: Dünýä türkmenleri diýlende, öz türkmen aýdym-sazymyz bilen meşgullanýan halypalarymyz göz öňüme gelýär. Birinji gezek “Halypam” diýip, gapysyny kakanym Hudaýmyrat Zegerje gyjakçy boldy. Ol geçen halypalaryň köpüsi bilen, mysal üçin, Nazarly halypa, Baýly Teke halypa dagylar bilen gyjak çalan. Ol ýaňy bir-iki ýyllykda dünýeden gaýtdy.

Baýrammyrat Söýün halypa, yzýany bilen Annaseýit Annamyrat, ýagny Mylly agaň ady dakylan çowlugy, ondan soň Akmyrat Çary halypam, Durdymyrat Gazak halypam. Şol döwürlerde dünýede bardy, ýöne soňra dünýeden gaýdan Ýagmyr Nurgeldi, Aýmämmet Aşyr, Mäne agadyr, häzir ýaşap ýörenlerden Ýolaman Nury, Nurýagdy agadyr we ýene beýleki halypalar diýen ýaly... Maňa şolar bilen ýakyndan gatnaşyk saklamak, şolardan tälim almak miýesser etdi. Şonuň üçinem men özümi bagtly hasap edýärin.

Düýş sebäpli maňa Türkmenistana gitmek miýesser boldy.
Ondan daşary hem, Owganystan türkmenlerinden Anna bagşy bilen hem ýakyndan tanyşmak, oturyşyp, gürleşmeklik maňa miýesser boldy. Nirä baranymyzda hem biz öz türkmenimize gabat gelýäris. Öz kärdeşimiz, sungatdaşymyz, öz türkmen doganymyz diýip, gabat gelip, aýdym-saz ediberýäris.

Ozalbaşda bir düýş sebäpli maňa Türkmenistana gitmek miýesser boldy. 1985-nji ýylda bir gije ýatyrkam, düýş gördüm. Düýşümde men Sahy aga bilen Ata aganyň aýdym-saz edip oturan howlusyna girýärin.

Aýdymyň ortasynda edepsizlik edip girmäýin, aýdym gutarandan soň gireýin diýip, baryp gapysynda garaşýaryn. Wagt hem ep-esli gijigen, daňa golaýlan mahaly. Aýdym gutaran badyna Sahy aga ýerinden turýar-da “Adamlar, indi ýatar wagt boldy” diýip, turup ugraýar.

Men hem daşarda garaşyberýärin. Daşaryk çykan mahaly “Halypa, salawmaleýkim” diýip, iki elimi uzadýaryn. Sahy aga-da saglyk-amanlyk soraşyp, beýläk geçip, köwşüni geýmäge durýar. Yz ýanyndan hem Ata aga çykýar. Ynha, onsoň oňa hem “Halypa, salawmaleýk” diýenimde, “Mejit jan, waleýk” diýip, adymy tutýar.

Ynha, şol düýş şondan soňra meni, dogrusy, ýatyrmady. Ol wagtlar Türkmenistanyň özbaşdaklygy ýokdy. SSSR bardy. SSSR-iň ilçihanasy dünýäniň niresinde bolanda-da, ilçihananyň gapysynyň öňünden geçmäge gorkulýardy.

Şonda-da “Aý, adam öldüräýesler-ä ýok” diýip, bir gün bardym-da, gapyny kakdym. “Türkmenistanda dogan-garyndaşlarym, daýy-daýzalarym bar. Görme-görşe barmak mümkinmi?” diýen ýalyrak ýüz tutsam, “Bolýar, geliberiň (baryp bilersiňiz)” diýdiler.

Ine, şeýdip, meniň bagtyma, şol wagt Ankarada bolýan konsullyk wekili Reşat öz başgyrt doganlarymyzdan ekeni. Şonuň özi anketamy, arzamy doldurdy we beýläk iberdi.

Soň gelibersin diýlensoň, 1985-nji ýylda Türkmenistana ýol açyldy, şol ýere barmak we halypalarymy görmek mümkin boldy. Düýşümde Ata aganyň aýdan sözlerini hem Türkmenistanda – huşumda Durdymyrat Gazak halypam maňa aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Eşdişimize görä, siziň esasy käriňiz dermançy. Ýöne aýdym-saz bilen has köpräk tanalýarsyňyz. Bu işlere nähili ýetişýärsiňiz?

Mejit Teke: Okajak diýip, ilki Germaniýa çykmak miýesser boldy. Ondan soň Türkiýede Ankarada dermançylyk fakultetinde okadym. Okuwy gutaryp gelenimde, Eýran-Yrak urşy gidip durdy. Oňa meýletin gatnaşdym, türkmen doganlaryma şol ýerde kömegim ýeter diýip.

Türkmeniň aýdym-sazy elmydama meniň ýüregimde ýaşany üçin aýdym-saza durmuşymda aýratyn wagt goýdum, öz ömrümi goýdum diýsem hem boljak. Bu iki işi nähili ýöredýäň diýlende, men ýigrimi dört sagady käbir ýerde ýigrimi alty sagat etdim. Ýagny, bir gije-gündiz meniň üçin ýigrimi dört däl-de, ýigrimi alty sagat.

Adaty ýagdaýda bir adama şol ýigrimi dört sagadyň alty sagady dynç almaga ýeterlik bolýan bolsa, men şony alty sagada ýetirmän, türkmen aýdym-sazy üçin özümi iki-üç sagat ýatyp-turma bilen çäkleýärin. Wagtymyň köpüsini aýdym-saza sarp etsemem, ýany bilen beýleki işlerime, ýazuw-pozuw, döredijilik işlerime hem ýetişýärin diýip biljek.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG