Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Haga sudy Kosowonyň ozalky liderini aklady


Tussaglykdan boşadylan Ramuş Haradinaý Kosowonyň paýtagty Priştinada žurnalistlere interwýu berýär. Priştina, 30-noýabr, 2012.

Tussaglykdan boşadylan Ramuş Haradinaý Kosowonyň paýtagty Priştinada žurnalistlere interwýu berýär. Priştina, 30-noýabr, 2012.

Penşenbe güni BMG-niň Hagadaky harby tribunaly Kosowonyň ozalky premýer-ministri Ramuş Haradinaýa uruş jenaýatçylyklarynda bildirilýän aýyplamalary ýatyryp, ony aklady.

Onuň bilen bilelikde aýyplanylýan Idriz Balaý bilen Lahi Brahimaý hem sud tarapyndan aklanyldy.

Bu şahsyýetleriň üçüsem mundan öň 1998-1999-njy ýyllarda kosowoly albanlaryň Serbiýadan garaşsyz bolmak ugrunda alyp baran söweşlerinde serb raýatlaryny öldürmekde we gynamakda aýyplanypdylar. Ýöne olaryň üçüsem özlerine bildirilen bu aýyplamalary inkär edip gelipdiler.

Gaýta-gaýta kararlar

Haga sudunyň bu üç şahsyýeti aklamak baradaky karary bu suduň ozalky Ýugoslawiýadaky wakalar bilen baglanyşykly ilkinji gezek öz sud prosesini gaýtadan geçirmegi netijesinde peýda boldy.

2008-nji ýylda geçirilen ozalky sud prosesinde Haganyň sudy Kosowonyň ozalky premýer-ministri Ramuş Haradinaýy we Idriz Balaýy aklamak barada höküm çykaran-da bolsa, birneme soňra suduň şikaýatlar geňeşi şaýatlara basyş görkezilendigine salgylanyp, suduň bu kararyny ýatyrypdy. Netijede, sud diňlenişigini gaýtadan geçirmeklik karar edilipdi.

Ramuş Haradinaý kosowoly albanlaryň Azat ediş armiýasynyň tanymal liderlerinden biri bolupdy. Idriz Balaý bilen Lahi Brahimaý bolsa şol Azat ediş armiýasynyň düzüminde goşun ýolbaşçylary bolupdy.

Penşenbe güni Haga sudunyň sudýasy Bakone Molotonyň bu üç şahsyýetiň günäkärdigini görkezýän subutnamanyň ýokdugyny aýdyp, olary aklamak barada çykaran hökümini Kosowonyň paýtagty Priştinada olaryň tarapdarlary uly şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.

Kosowonyň premýer-ministri Haşim Taçi bu soňky waka bilen baglanyşykly eden beýanatynda suduň çykaran bu höküminiň “Kosowonyň Azat ediş armiýasynyň diňe azatlyk üçin göreş alyp barandygyny subut edýän iň bir güýçli subutnamadygyny” nygtapdyr.

Serb resmileri nägile

Ramuş Haradinaý Kosowodaky etniki albanlardan BMG-niň harby tribunaly tarapyndan jenaýat jogapkärçiligine çekilen iň ýokary derejeli resmi hasaplanylýar.

Ol Kosowonyň premýer-ministri hökmünde bary-ýogy üç aý işläninden soň, 2005-nji ýylda Haga tribunalynyň özüne bildiren jenaýat aýyplamasynyň yzýany wezipesinden çekilipdi.

Penşenbe güni Haga sudunyň Ramuş Haradinaýy we onuň egindeşlerini aklamak barada çykaran hökümine Serbiýanyň resmileri ýiti reaksiýa bildirdiler.

Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç bu barada eden beýanatynda bu wakany BMG-niň harby tribunalynyň “diňe Serbiýanyň halkyny sud etmek üçin döredilendigini görkezýän nobatdaky bir subutnama” diýip häsiýetlendiripdir.

Bu wakadan birneme öň Serbiýanyň premýer-ministri Iwiça Daçiç hem kosowoly resmileriň sud tarapyndan aklanan halatynda munuň Ýewropa Bileleşiginiň ara durmagynda Serbiýa bilen Kosowonyň arasynda alnyp barylýan gepleşikleri çylşyrymlaşdyrjakdygyny aýdyp, duýduryş beripdi.
XS
SM
MD
LG