Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Denisowiçden" elli ýyl soň, Solženitsynyň "Gulagyna" sapar


“Ekibastuz” muzeýiniň ýolbaşçysy Dariga Tokaýewanyň aýtmagyna görä, türme özüniň elhenç şertleri bilen adamlaryň hakydasynda gara tegmil bolup galypdyr.
“Ekibastuz” muzeýiniň ýolbaşçysy Dariga Tokaýewanyň aýtmagyna görä, türme özüniň elhenç şertleri bilen adamlaryň hakydasynda gara tegmil bolup galypdyr.
Noýabr aýy bu düzlükdäki şemally şäherede bolmak üçin onçakly amatly wagt hem däl. Howanyň temperaturasy -20 gradus bolan bu şäherde baýyrlardan we tokaýlardan öwüsýän güýçli şemalyň sowugy içiňden geçip barýar.

Gürrüňi gidýän bu şäher Gazagystanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär. Ol ýerde Sowet Soýuzy döwründe syýasy tussaglar üçin niýetlenen, il içinde “Gulag” diýlip atlandyrylýan zähmet lageri ýerleşýärdi.

Lager bireýýäm ýitirim bolup, şu wagt onuň ýerinde “Şahtýor” şäher stadiony ýerleşýär. Ýöne “Ekibastuz” muzeýiniň ýolbaşçysy Dariga Tokaýewanyň aýtmagyna görä, türme özüniň elhenç şertleri bilen adamlaryň hakydasynda gara tegmil bolup galypdyr.

"Ýagdaý nähili? Ol ýerde esgerler üçin niýetlenen, ýyladyjy desgalary bolmadyk jaýlar bardy. Ol ýer gaty sowukdy. Adamlar bu ýere tussag edilen wagtlaryndaky egin-eşikleri bilen getirilýärdi. Şeýle sowuk bolany sebäpli, adamlar bärde siňek ýaly gyrylýardy" diýip, Tokaýewa gürrüň berýär.

“Ekibastuz” türmesinden ors we gazak intelluktuallaryndan, şeýle-de çeçenlerden, belaruslardan, ukrainlardan, pribaltikalylardan, nemeslerden we ýaponlardan ybarat bolan on muňlerçe sowet tussagy geçdi. Lageriň iň meşhur tussaglarynyň biri – rus ýazyjysy Aleksandr Solženitsyndyr. Ol antisowet propoganda etmekde aýyplanyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilenden soň, 1950-53-nji ýyllar aralygyny şol türmede geçiripdi.

Solženitsynyň “Ekibastuzda” saklanan wagty rowaýata öwrülen durmuşy barada "Iwan Denisowiçiň ömrüniň bir güni" atly eseri mundan 50 ýyl öň, noýabr aýynda "Nowyý Mir" ("Täze dünýä") atly sowet edebi žurnalynda çap edilipdi. Onuň ýyl dönüminde dünýäniň käbir ýerlerinde Sowet “Gulagynyň” we “Ekibastuz” lageriniň zalym taryhyna gyzyklanma döredi. Ol ýerdäki tussaglar, howanyň sandyradýan temperaturasy minus 40 gradusdan aşaklaýança, kerpiç örmäge we agyr zähmet çekmäge mejbur edilipdirler.

Ýöne ýarym asyr geçenden soň “Ekibastuzyň” ilatynyň köp bölegi öz şäherleriniň Sowet tussaghanasynyň territoriýasy bolan geçmişi barada az ýatlaýarlar. Häzirki wagtda şäher özüniň baý kömür gorlary, şeýle-de kömür we termal desgalarynyň bir topary bilen meşhur.

Ýerli ýaşaýjylaryň biri Ýerkant Sultan. Geplände onuň sesi gyşky howanyň uwwuldysyndan ýaňa zordan eşidilýär. Ýöne türme barada soralanda, ol yerli gazaklaryň arasynda ýygy-ýygydan eşidilyän bir sözleri gaýtalap, şeýle diýýär: "Elbetde, biz lager barada bilýäris. Olar ol ýerde gazaklara zulum etdiler, olara ezýet berdiler”.

Hatda lageriň iň meşhur tussagy, ýagny Solženitsyn hem, aglaba gazaklaryň nukdaýnazaryndan garanyňda, çuňňur bölüji şahsyýetdir. Solženitsyn 1990-njy ýylda Gazagystanyň demirgazyk territoriýalarynyň, hakykatda, Orsýetiň bölekleri bolmalydygyny nygtap çap eden makalasyndan soň, ýerli halkyň bir bölegi Solženitsynyň dissident hökmünde öz abraýyny ýitirendigni aýdýar.

Solženitsynyň "Orsýeti gaýtadan gurmak" atly makalasy ýerli gazaklary gazaplandyrdy we ýurduň demirgazyk territoriýalarynda tasdan etniki dartgynlylygyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.

Sowuga garşy tüýli papak hem-de possun geýen "Ekibastuzyň" ýaşulusy Jumageldi Kasenow Solženitsyny “dönük” diýip atlandyrýar. Ol Solženitsyna bolan gaharynyň entek hem ýatmandygyny aýdýar: "Men ol barada bilýärin. Ol tussaglyk möhletini “Ekibastuzda” geçiren ors ýazyjysy. Onuň soňky makalalary gazaklara garşydy we biz ondan ýüz öwürdük".

Her halda "Iwan Denisowiç" bilen Solženitsyn entäk hem şäheriň taryhynyň aýrylmaz bir bölegi diýlip hasaplanýar. Ýerli muzeýiň içinde ýazyjynyň suratlary hem-de sitatalary bar. Muzeýiň ýolbaşçysy Nadežda Storožuk muzeýiň arhiwinde goýmak üçin köp sanly kitap ugradan ýazyjynyň dul aýaly Natalýa bilen hat alyşýandygyny hem aýtdy.

Belli bir döwürde Solženitsynyň özüniň hem "Ekibastuz" sebitlerine dolanmagy barada umytlar bardy. Ýöne Storožuk ol ölmänkä bu ýerlere gaýtadan gelmändigini aýdýar. Solženitsyn 2008-nji ýylda aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG