Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Palestinanyň durumyny ýokarlandyrdy


Gaza şäherinde geçirilen ýörişde adamlar prezident Mahmud Abbasyň portretlerini göterýärler, 29-njy noýabr.
Gaza şäherinde geçirilen ýörişde adamlar prezident Mahmud Abbasyň portretlerini göterýärler, 29-njy noýabr.
Palestinalylar özleriniň BMG-däki durumlaryny ýokarlandyryp, “synçy döwlete” öwrüldiler.

BMG-niň Baş assambleýasynda geçirilen ses berişlikde Palestina rezolýusiýasyny 138 döwlet goldady, dokuz döwlet garşy çykdy, 41 döwlet saklandy.

Bu çäre Palestina döwletiniň, şol sanda Iordan derýasynyň günbatar kenarynyň, Gaza zolagynyň we günorta Ierusalemiň özbaşdak döwlet hökmünde gytaklaýyn ykrar edilmegini aňladýar.

Ses berişlikden öň eden çykyşynda Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas BMG-ni özlerine “Palestinanyň dogluş hakyndaky şahadatnamasyny” bermäge çagyrdy.

Ses berişlikden soň, Palestinanyň BMG-däki wekili Riýad Mansur bu güni “taryhy gün” diýip atlandyrdy.

“Bu gün taryhy gündi, ses berişlik ajaýyp boldy, bizi goldanlaryň sany köp boldy: BMG-niň agzalarynyň üçden ikisi Palestinanyň tarapynda ses berdi. Baş assambleýa Palestina döwletiniň ykrar edilmegini kanunylaşdyryp, oňa synçy döwlet durumyny, agza bolmadyk synçy döwlet durumyny berdi” diýip, Mansur žurnalistlere aýtdy.

Ysraýylyň BMG-däki ilçisi Ron Prosor ýewreý döwletiniň palestinalylar bilen parahatçylykda ýaşamak isleýändigini gaýtalady, emma ses berişligiň bu tagallalary yza tesdirjekdigini belledi.

Ol diňe özara gepleşikleriň parahatçylyga getirip biljekdigini nygtady.

“Parahatçylygy gazanmagyň ýeke-täk ýoly taraplaryň arasyndaky ylalaşyklardan geçýär, Ysraýylyň juda möhüm howpsuzlyk we milli bähbitlerini gözden salýan BMG-niň rezolýusiýasyndan däl. Bu rezolýusiýa bir taraplaýyn bolany üçin, ol parahatçylyga itergi bermeýär, ol ony yza tesdirýär” diýip, Prosor Baş assambleýa aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs Palestina rezolýusiýasynyň “şowsuz we ters netije berýän çäre” bolandygyny, onuň parahatçylyga barýan ýolda has köp “pasgelçilikler” döredýändigini aýtdy.

“Adalatly we ömürlik iki döwlet çözgüdine tarap öňegidişligi şu zalda ýaşyl reňkli ses berişlik düwmesine basyp gazanyp bolmaýar. Rezolýusiýa kabul etmek aslynda bolmaýan döwleti döretmeýär, ol iş ýüzündäki hakykaty üýtgetmeýär. Şonuň üçin, hiç kim şu günki ses berişlige BMG-e agzalyga şert döredýän çäre hökmünde ters düşünmeli däl. Ol döredenok. Bu rezolýusiýa Palestinany döwlet hökmünde kesgitlemeýär” diýip, Raýs Baş assambleýa aýtdy.

Palestinanyň durumynyň ýokarlandyrylmagy onuň BMG-niň gulluklaryna, şol sanda Halkara jenaýat suduna goşulmagyna mümkinçilik döredýär. Olar bu sudda söweş jenaýatlary boýunça Ysraýyla garşy çäräniň ugruna çykyp bilerler.

Ses berişlikden soň, Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Ramallahda adamlar köçelere çykyp, Palestinanyň baýdagyny galgatdylar, tans edişdiler.

Bu dabaralara garamazdan, analitikleriň aýtmagyna görä, hakyky garaşsyzlyk palestinalylar üçin ýetip bolmajak arzuw bolmagynda galýar. Olar onuň diňe Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşikleriniň üsti bilen gazanylyp bilinjekdigini öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG