Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berdimuhamedowyň Ýerewana saparynda ençeme dokumente gol çekildi


29-njy noýabrda Ermenistana sapara baran prezident G.Berdimuhamedowyň bu sapary 30-njy noýabrda ýene dowam etdi.

Penşenbe güni, saparynyň ilkinji güni G.Berdimuhamedow Ýerewanda Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan bilen gepleşik geçirdi. Bu gepleşikleriň yzy bilenem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara degişli birnäçe dokumente gol çekildi.

Bu gol çekilen dokumentleriň hatarynda iki ýurduň howa aragatnaşyklary barada ylalaşyk, ylmy-tehniki hyzmatdaşyklar barada ylalaşyk, seýsmiki goraglar boýunça hyzmatdaşlyklar baradaky ylalaşyk we oba hojalyk pudagyndaky hyzmatdaşlyklar barada ylalaşyk hem bar.

Penşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Ýerewanyň Döwlet uniwersitetine-de sapar etdi. Ol ýerde Berdimuhamedowa bu uniwersitetiň hormatly doktory diýen adyň dakylmagy bilen bagly dabara-da gurnaldy.
XS
SM
MD
LG