Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň täze konstitusiýasynyň taslamasy taýýarlanyldy


Anna güni Müsüriň Konstitusion Geňeşi ýurduň täze konstitusiýasynyň taslamasyny işläp düzmek işiniň tamamlanandygyny yglan etdi.

Prezident Muhammad Mürsüniň garşydaşlary konstitusiýanyň taslamasynyň üstünde iş alyp baran Geňeşiň düzümine aglaba “Musulman doganlygy” partiýasyndan prezidentiň tarapdarlarynyň girendigini aýdyp, muny tankyt edýärler.

Prezidentiň tankytçylary bu Geňeşiň düzümine Müsürdäki etniki we dini azlyklaryň köpüsinden, şol sanda hristianlardan we liberal syýasy toparlardan-da wekilleriň girmändigini aýdýarlar.

Prezident Mürsi täze konstitusiýanyň taslamasyny şu hepdäniň ahyrynda tassyklar diýlip garaşylýar. Ondan soň konstitusiýanyň taslamasy dekabryň ortalarynda ähliumumy referendumda ilatyň ses bermegine goýlar.
XS
SM
MD
LG