Sepleriň elýeterliligi

Berdiýew: käbir gazetler toslamalar bilen gyzyklanýar


“Rubin” futbol komandasynyň baş treneri we klubyň wise-prezidenti Gurban Berdiýew

“Rubin” futbol komandasynyň baş treneri we klubyň wise-prezidenti Gurban Berdiýew

Tatarystanyň “Rubin” futbol komandasynyň baş treneri we klubyň wise-prezidenti Gurban Berdiýew Orsýetiň “Sowetskiý sport” neşrinde 29-njy noýabrda çap edilen maglumaty ret etdi. Maglumatda Berdiýewiň “Rubine” degişli planlary we Türkmenistan bilen gatnaşyklary barada gürrüň edildi.

“Rubiniň” baş treneri Gurban Berdiýew bu futbol klubynyň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen beýannamasynda, “Sowetskiý Sport” neşrinde 29-nji noýabrda çap bolan maglumaty geň galma we nägilelik bilen okandygyny ýazýar.

Berdiýew 30-njy noýabrda çap eden öz beýananmasynda: “meniň örän sylaýan adamlarym, iki respublikanyň prezidentlerine degilmedik bolsa, men bu boş gürrüňlere reaksiýa bildirmezdim”, diýip belleýär.

Dawaly maglumat

“Sowetskiý sport” gazeti, hususan-da, türkiýeli futbolçy Gökhan Töreniň “Rubin” klubyny korrupsiýada aýyplap Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowa şikaýat bilen hat ýazandygy we munuň yzýany klubda salgytçylaryň derňew geçirip başlandygy barada habar berdi.

Gazet bu wakalar bilen bir wagtda Gurban Berdiýewiň Türkmenistana baryp, ýurduň prezidenti bilen duşuşandygyny, Tatarstanyň prezidentiniň bolsa ony kabul etmändigini ýazdy. Şeýle-de, maglumatda Gurban Berdiýewiň “Rubin” bilen şertnamasynyň şu ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýandygy habar berildi.

Gurban Berdiýew bu maglumatlaryň yzýany çap eden öz beýannamasynda, “Sowetskiý sport” neşrinde çap bolan makalanyň awtorynyň habar beriş serişdelerinden “toplan gybatlaryny hakykat hökmünde görkezmäge synanyşýandygyny” belledi.

Berdiýew hepdäniň sişenbe we çarşenbe günlerinde öz komandasy bilen türgenleşik geçirmändigi we Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşandygy baradaky maglumatlary “ toslama we erteki” atlandyrdy.

Berdiýew şeýle maglumatlaryň çap edilmeginiň “agzalalyk we bulaşyklyk” döredip, “Rubinyň” şu ýylyň galan oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegine päsgel bermek üçin edilýär, diýen pikiri döredýändigini belledi.

Türkmenistan bilen gatnaşyk

Türkmenistanda doglan sport ussady 60 ýaşly Gurban Berdiýew Tatarstanyň “Rubin” komandasyny 2001-nji ýyldan bäri türgenleşdirip gelýär. Ol Tatarstanyň iň ýokary döwlet ordeniniň eýesi.

Gurban Berdiýew 1998-nji ýylda Türkmenistanyň “Nisa” futbol komandasyna 1999-njy ýylda Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna ýolbaşçylyk edipdi.

Gurban Berdiýew 2010-njy ýylyň aýagynda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Türkmenistanda sportyň ösüş problemasy boýunça seminar we ýaş futbolçylar üçin türgenleşik geçiripdi.

Käbir maglumatlarda 2010-njy ýylda Gurban Berdiýewe Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy dikeltmek barada teklibiň edilendigi habar berilipdi. Bu barada, hususan-da, Türkmenistan.ru internet gazeti ýazdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG