Sepleriň elýeterliligi

Täjik zenany saglygy ugrunda göreşýär


Tahmina Haýdar: "Men negatiw pikirlerden daşlaşmaga we öz halymyň ýagty tarapyna ünsümi gönükdirmäge çalyşýaryn".

Tahmina Haýdar: "Men negatiw pikirlerden daşlaşmaga we öz halymyň ýagty tarapyna ünsümi gönükdirmäge çalyşýaryn".

Iki ýyl töweregi mundan ozal 26 ýaşly täjigistanly Tahmina Haýdar SPID keseline getirýän WIÇ infeksiýasyna ýolugypdyr. SPID keseli bilen baglylykda adamsyndan we çagasyndan jyda düşen we ýaşaýan obasyndan çetleşdirilen Haýdar durmuşyny täzeden gurmak üçin paýtagt Duşenbä göçüp gidýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde ol potensial ölüm howply bu wirusa nähili ýolugandygyny we öz halynyň “ýagty” tarapyna garaýşy barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: WIÇ infeksiýasyna siz nähili ýolugdyňyz?

Haýdar: Meniň gyz bäbegim 2010-njy ýylyň iýul aýynda keselhanada ýogaldy. Soňra şol ýylyň sentýabr aýynda adamym ýogaldy. Gyzjagazym ýogalanyndan soň, men özümiň WIÇ infeksiýasyna ýolugandygymy bilip galdym. Lukmanlar bu wirusyň maňa 2009-njy ýylda ýokaşandygyny aýtdylar. Şol wagt meniň adamym Orsýetden (zähmet migrasiýasyndan) dolanyp gelipdi. Ol neşekeş eken, men bolsa ony duýmandyryn. Ol özüniň WIÇ infeksiýalydygyny bilýän eken, ýöne bu barada ol maňa aýtmady.

Azatlyk Radiosy: Siziň saglyk ýagdaýyňyz barada maşgalaňyz habarly edilende olaryň reaksiýasy nähili boldy?

Haýdar: Haçanda meniň maşgalam keselhana gelip, adamym ikimiziň WIÇ infeksiýalydygymyzy bilenlerinden soň keselhanada uly galmagal turdy. Meniň maşgalam we garyndaşlarym meniň bilen bir ýyla golaý gatnaşmadylar. Olar meniň demimden ýa-da elimden wirus ýokaşar öýtdiler.

Azatlyk Radiosy: Az wagtdan soň siz merkezi Hisor raýonynda ýerleşýän obaňyzdan Düşenbe şäherine göçüpsiňiz. Paýtagtda täzeden durmuş gurmak size nähili başartdy?

Haýdar: Infeksiýa ýolugmazymdan ozal men öý hojalykçydym. Meni ene-atam durmuşa çykardy. Men hiç ýerde okamandym, meniň işim hem ýokdy, Duşenbäni hiç wagt görmändim. Häzir men Duşenbäniň uniwersitetinde psihologiýa ugrundan okaýaryn. Şeýle hem, men hasapçy hünäri boýunça şahadatnamany hem aldym. Men iňlis dili sapaklaryna hem gatnaýaryn. Men birnäçe ýurda syýahat etdim. Men özümi bagty çüwen hasaplaýaryn. Men bu kesel üçin durmuşa ýigrenç bilen garamaýaryn. Bu infeksiýa ýolukmak meniň maňlaýyma ýazylandyr. Men munuň üçin hiç kimi günäkärlemeýärin. Muny men ykbaldyr diýip kabul edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz häzir haýsydyr bir medisina bejergisini alýaňyzmy?

Haýdar: Saglyk babatynda men özümi kadaly duýýaryn, saglyk ýagdaýymda üýtgän zady duýamok. Men wirus anyklanmazyndan ozal hem özümi şeýle duýýardym. Ýöne men lukmanlaryň birsyhly gözegçiliginde durýaryn. Men lukmanlaryň maslahatyna gulak asýaryn, sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen ýaşaýaryn. Her üç aýdan immun sistemamyň ýagdaýyny bilmek üçin ganymy tabşyrýaryn. Häzir men özümi gowy duýýaryn we haýsydyr bir dermany içmek zerurlygy ýok.

Haýdar: Elbetde, meniň immun sistemamyň gowşan wagty bolar, şonda men derman içmeli bolaryn. Häzir lukmanlar maňa sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen ýaşamagymy, gowy iýmitlenmegimi we pozitiw bolmaga çalyşmagymy maslahat berýärler. Eger-de men bu maslahatlary eýersem, belki geljek bir-iki ýylyň dowamynda maňa derman içmek zerurlygy hem bolmaz. Wagty gelende lukmanlar maňa derman içip başlamaly diýip aýdarlar. Derman içip başlasam, men ony ömrümiň ahyryna çenli kadaly dowam etdirmeli bolaryn.

Azatlyk Radiosy: Täjigistanda WIÇ/AIDS-e garşy bejergi almak aňsatmy?

Haýdar: Ähli hassalar mugtuna bejergi almaly edilen. Muňa hökümetden we halkara guramalaryndan pul serişdesi goýberilýär. Täjigistanyň kanunçylygyna laýyklykda, WIÇ/SPID hassalary mugt medisina hyzmaty bilen üpjün edilýär. Ýöne hakykatda problema bar. Olar bejergini diňe WIÇ/SPID merkezinde alyp bilýärler. Beýleki ähli klinikalarda lukmanlar puluna bejerýär.

Azatlyk Radiosy: Täjigistandaky käbir WIÇ/SPID hassalary özleriniň lukmanlar tarapyndan kemsidilýändikleri barada şikaýat edýärler.

Haýdar: Howa, köp lukmanlar WIÇ/SPID hassalara tagma goýýarlar. Olar köplenç şeýle hassalaryň göwünlerine degýärler we gorkuzýarlar. Lukmandyklaryna garamazdan, bu wirusyň demiň üsti bilen ýokaşmaýandygyny bilýändiklerine garamzadan, olar WIÇ infeksiýalylary kabul etmejek bolýarlar. Olar şeýle dertlileriň göwünlerine degýärler. Şeýlelikde, WIÇ infeksiýaly aýallar klinika (WIÇ/SPID merkezinden başga) gelenlerinde adatça özleriniň WIÇ infeksiýalydygyny lukmanlardan ýaşyrýarlar. Haçan-da biz öz derdimizi aýan etsek, onda lukmanlar her hili bahana bilen bizden el çekýärler.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda geljek planlaryňyzy düzmäge size kyn düşýändir.

Haýdar: Men gowy geljege umyt baglap ýaşamaga çalyşýaryn. Sebäbi alada galmak meniň immun sistemamy peselder we saglygyma zeper ýetirer. Elbetde, özümi umytsyz duýýan wagtlarym hem bolýar, ýöne men negatiw pikirlerden daşlaşmaga we öz halymyň ýagty tarapyna ünsümi gönükdirmäge çalyşýaryn.
XS
SM
MD
LG