Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geýleriň Ýewropadaky ilkinji metjidi açyldy


Parižde geýleriň Ýewropadaky ilkinji metjidi açyldy. 30-njy noýabr, 2012 ý.
Parižde geýleriň Ýewropadaky ilkinji metjidi açyldy. 30-njy noýabr, 2012 ý.
Anna güni, 30-njy noýabrda Parižiň golaýynda gomoseksuallara dostlukly garaýan metjit açylýar. Bu metjit adaty metjitlerde özüni rahat duýmaýan adamlara gujak açmaly. Emma Fransiýanyň musulman jemgyýetiniň ýolbaşçylary bu proýekti oňlamaýar.

Parižiň eteginde Ýewropanyň gomoseksuallara dostlukly garaýan ilkinji metjidi gapylaryny giňden açmagyň öň ýanynda dur.

Bu metjidi esaslandyryjy Lýudowik-Mohamed Zahed adaty bolmadyk namaz jaýyny barlamak üçin üçin ilkinji gezek gelýär. Buddaçylaryň ybadathanasynyň içindäki çaklaňja otag indiden eýläk namaz okalýan ýer bolar.

Zahediň pikiriçe, bu metjit gomoseksual we musulmançylyga uýýan adam üçin amatly ýerde ýerleşýär, ýagny nämälim we syýasatdan daş.

30-njy noýabrda bolşy ýaly, bu otag her annada gomoseksual, transgender we transseksual şahslara, ultra-progressiw namaz üçin, gapysyny açar. Bu namaza, erkekler bilen bir otagda, aýallaryň hem durmagyna, ymamlyk etmegine ygtyýar berilýär.

Bu otag çaklaňja-da bolsa, Fransiýanyň resmi taýdan açylan ilkinji geý-dosty we feminist metjidi bolar.

Bu proýekt buddaçy monah, geý hukuklary ugrunda göreşýän gomoseksual Federiko Joko Prokopionyň ýardamy bilen amala aşyryldy.

Zahed mundan öň her annada, müňlerçe musulman dogany bilen garyşyp, Pariždäki uly metjitde namaz okapdyr. Emma ol täze metjidiň özüni musulman dininiň çet-gyrasynda galan ýaly duýan adamlar üçin has dostlukly boljagyna umyt baglaýar.

“Bu bir howpsuz ýer, hakyky ruhy pursaty bir-birek bilen bölüşmek, fransuz musulmanlarynyň gündelik durmuşyna degişli dürli-dürli meseleler barada pikir alyşmak, maslahatlaşmak isleýän ähli musulmanlara we beýlekilere gapysyny açýar. Bu taýda biz başga ýagdaýlarda we beýleki metjitlerde aňsat gürrüň edip bilmejek zatlarymyz barada pikir alşyp bileris” diýip, Zahed aýdýar.
Ýewropanyň ilkinji geý dosty metjidi açyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:44 0:00

35 ýaşly Franko-Algerian bu metjitde ilkinji namaza durmaga garaşýan 20 çemesi musulmanyň biri. Ýöne ol bu ýeriň barha we barha kän adamy özüne çekjegini, sebäbi özüniň “Fransiýanyň gomoseksuallary birleşiginiň” hem şeýle bolandygyny, ýagny alty adam bilen başlanyp, häzir onuň agzalarynyň sanynyň 325-e ýetendigini aýdýar.

Zahediňki ýaly metjitler Günorta Afrikada, Birleşen Ştatlarda we Kanadada bireýýämden bäri işleýär, ýöne beýle metjit Ýewropada ilkinji gezek açylýar.

Birleşen Ştalarda 2007-nji ýylda döredilen “Progerssiw gymmatlyklar ugrundaky musulmanlar” (MPV) guramasy Demirgazyk Amerikada şeýle metjitleriň alty sanysynyň bardygyny aýdýar.

San taýdan az hem bolsalar, Birleşen Ştatlarda 1500 çemesi agzasy bolan “Progressiw musulmanlar” guramasynyň agzalary “alternatiw yslamy” ýola goýmagy niýet edinýändiklerini aýdýarlar.

Zahed özüniň her bir adamy gomoseksul bolmaga yrmak maksadyna eýermeýändigini, ýöne bu hili meselelere bolan pikir-garaýyşlaryň haýalam bolsa üýtgeýänini duýýandygyny aýdýar.

Ol öz proýekti baradaky habar ýaýranyndan soň alan goldaw hatlarynyň we berlen soraglaryň sanyna haýran galandygyny, ýogsa haýbat atylmagyna garaşandygyny gürrüň berýär.

“Roýter” habar gullugynyň materiallary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG