Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

21/12/2012 ahyrzamany bolarmy?


"2012" filminden bir pursat
"2012" filminden bir pursat
Maýa siwilizasiýasy taryhda astronomiýa, çylşyrymly matematika we kaledar döretmeklik boýunça iň ösen siwilizasiýalaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Bir wagtlar Demirgazyk Amerikanyň merkezi regionlarynda ýaşan Maýa taýpasy nämälim sebäplere görä ýitirim bolsa-da olaryň döreden kalendary biziň günlerimize saklanyp galypdyr.

Bu kalendarda bellenilişi ýaly ondaky 13 sikliň iň soňkusy 1992-nji ýylda başlap, 2012-nji ýylyň 21-nji dekabyrynda tamamlanýar. Maýa kalendarynda bu tapgyra "ýeriň arassalanyşy" diýip at berilipdir.

Maýa halkynyň saklanyp galan ýazgylaryna görä, ýeriň arassalanyş döwründe erbet adamlar ýok edilip, diňe gowy adamlar galar.

Alymlaryň käbirleri 21-nji dekabrda bolmagy mümkündigi aýdylýan wakalara “Planetalaryň parady” diýip atlandyrsa, käbir adamlar agzalýan günde ahyr zamanyň geljekdigine ynanýarlar.

Siz näme pikirde?
XS
SM
MD
LG