Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tutuş Siriýa boýunça internet aragatnaşyklary kesildi


Siriýada oppozision söweşijiler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň kem-kem güýçlenmegi bilen, penşenbe güni bu ýurtda internet signallarynyň öçendigi barada maglumat alyndy.

Ýurduň köp regionlarynda hatda telefon aragatnaşyklarynyň-da kesilendigi habar berilýär.

Internet hyzmatlaryna gözegçilik edýän we düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän iki sany gurama penşenbe güni hakykatdanam tutuş Siriýa boýunça internet signallarynyň öçendigini tassyklady.

Bu ýüze çykan wakada hökümet we ýaragly söweşijiler birek-biregi aýyplaýarlar. Munuň özi Siriýada geçen ýylyň martyndan bäri dowam edýän halk gozgalaňlarynyň barşynda internet hyzmatynyň tutuşlygyna kesilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykan ilkinji wakadyr.
XS
SM
MD
LG