Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetiň bilim baradaky täze taslamasy nägilelikleri döredýär


Orsýetiň Başkyrdystan, Tatarystan we Çuwaş respublikalaryndan aktiwistler Orsýetiň bilim baradaky täze kanunyň taslamasyna garşy şenbe güni protest aksiýalaryny geçirmekligi planlaşdyrýarlar.

Başkyrdystan respublikasynyň “Gök böri” atly ýaşlar hereketi bu kanunyň taslamasyna garşy bu üç respublikanyň paýtagtynda özüniň ýörite protest aksiýalaryny gurnajakdygyny mälim etdi.

Orsýetiň Döwlet Dumasy bu täze kanunyň taslamasyna 11-nji dekabrda garamaklygy planlaşdyrýar. Täze kanunda bu etniki respublikalarda çagalaryň ýerli milli dilleri öwrenip-öwrenmezlik meselesini olaryň ene-atalarynyň islegine bagly etmeklik göz öňünde tutulýar.

Şu çaka çenli Orsýetiň bu etniki respublikalaryndaky mekdeplerde rus dili bilen birlikde ýerli milli dili öwrenmeklik hem hökmany şert hasaplanylyp gelinýär.
XS
SM
MD
LG