Sepleriň elýeterliligi

Gollandiýada dine dil ýetirmek indi jenaýat däl


Gollandiýaly antiyslamçy syýasatçy Geert Wilders

Gollandiýaly antiyslamçy syýasatçy Geert Wilders

Gollandiýada Hudaýa ýa dine dil ýetirmek indi jenaýat iş däl. Ýurduň parlamenti 29-njy noýabrda bu kanuny ýatyrmaly diýen karara geldi.

Taslamasy 1930-njy ýyllarda düzülen bu kanunyň ýarym asyr bäri ulanylmazlygy kanun çykaryjylary ol indi gerek däl diýen netijä getirdi.

Hudaýa ýa dine dil ýetirmek baradaky çäklendirmeleri ýatyrmaga gönükdirilen çekişmeler Gollandiýada on ýyl mundan ozal söz azatlygynyň çäkleri hakda giden çekişmeler bilen başlandy. Ýöne Utreht uniwersitetiniň media kanuny boýunça magallymy Mark Weldtiň aýtmagyna görä, 29-njy noýabrdaky karara mümkinçilik döreden zat sentýabrda geçen milli saýlawlar. Sebäbi bu saýlawlarda iki sany liberal partiýa ýeňiş gazandy.

Weldt şeýle hem Hudaýa ýa dine dil ýetirmek baradaky gadagançylygyň ýatyrylmagynyň gollandiýaly antiyslamçy syýasatçy Geert Wildersiň sud prosesiniň gytaklaýyn netijesidigini aýdýar. 2011-nji ýylyň iýunynda Gollandiýanyň bir sudy Wildersiň pikirleri musulmanlary kemsitse-de, ol yslamy tankytlamaga hukukly diýip, höküm çykardy.

"Azatlyk" partiýasyna ýolbaşçylyk eden Wilders yslamy "faşist" diýip atlandyryp, yslamyň mukaddes kitaby Gurhany Adolf Gitleriň "Meniň göreşim" atly kitabyna deňäpdi. Amsterdamly sudýa Marsel wan Oosten suduň çykaran hökümini "Wildersiň beýanaty musulmanlara däl-de, yslama gönükdirilen" diýip delillendirdi.

Wilders şonda bu hökümi diňe bir özüniň aklanmagy däl-de, eýse Gollandiýada söz azatlygynyň ýeňşi diýip atlandyrdy.

Ýurduň Hudaýa ýa dine dil ýetirmek baradaky kanunynyň ýatyrylmagyna çagyryp, onuň döwrebäp däldigini, söz azatlygyna howp bolup durýandygyny köp wagt bäri aýdyp gelýän aktiwistler bu kanunyň ýatyrylmagyny halkara derejesinde gutladylar.

Bularyň biri Londonda neşir edilýän we ýörite söz azatlygyna bagyşlanan "Index on Censorship" žurnalynyň täzelikler baradaky redaktory Padraig Reýdi. Ol köp babatlarda onlarça ýyl bäri ulanylmasa-da, Ýewropa ýurtlarynyň ençemesinde Hudaýa ýa dine dil ýetirmegi gadagan edýän kanunlaryň bardygyny aýdýar. Dürli Ýewropa ýurtlary soňky ýyllarda bu meselä aýlawly çemeleşip, onuň ugruny doly saýgarmagy kynlaşdyrdylar.

Mysal üçin, Britaniýa hristianlyga dil ýetirmegi 2008-nji ýylda kanundan aýryp, onuň ýerine bir umumy kanun girizip, ýigrenji wagyz etmegi gadagan etdi.

Irlandiýada hem 2010-njy ýylda bu barada bir täze kanun kabul edildi. Bu kanun boýunça Hudaýa ýa dine dil ýetirmek jenaýat. Bu jenaýat işi edene hem 25 müň ýewro jerime göz öňünde tutulýar. Irlandiýanyň bu kanunyny boýunça haýsy hem bolsa bir dinde mukaddes saýylýan zatlara dil ýetirmek gadagan.

Reýdiniň aýtmagyna görä, Hudaýa ýa dine dil ýetirmek baradaky kanunlar 21-nji asyrda bir ýerlikli zatlar däl, dini goraýan kanunlara indi orun ýok: "Hudaýa ýa dine dil ýetirmek baradaky kanunlaryň söz azatlygynyň berk çäklendirilmegidigine gürrüň ýok. Bu baradaky kanunlary yza serpikdirmek, bular goralmaly diýýän pikirlere garşy çykmak gowy zat. Hudaýa ýa dine dil ýetirmek baradaky kanunlaryň ýatyrylmagy gaty möhüm".

Gollandiýada Hudaýa ýa dine dil ýetirmek baradaky kanun ýatyrylsa-da, polisiýa işgärlerine ýa ýurduň aýal patyşasy Beatrikse dil ýetirmek welin, jenaýat iş hasaplanýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG