Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda "Radio Ozodiniň" saýty petiklendi


Täjigistanda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň websaýtyna giriş petiklendi. Mundan sanlyja gün öň bu ýurtda "Facebook" saýty hem petiklenipdi.

Täjigistanyň Döwlet aragatnaşyk gullugynyň başlygy Beg Zukurow "Asia Plus" neşirine beren interwýusynda "Radio Ozodiniň" saýtynyň petiklenendigini tassyklady. Ol bu çäräniň "Täjigistanyň bähbitlerine garşy işleýän birnäçe gulluklar" barada alada edýän raýatlardan gelen şikaýatlardan soň amala aşyrylandygyny aýtdy.

"Bu açyk we ýönekeý senzuradyr" diýip, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Korn aýtdy. "Hökümet erkin pikirleriň öňüni almak isleýär, şonuň üçin olar "Facebook" saýtyny ýapdylar, olar bize hüjüm edýärler we olar garaşsyz maglumatlary berýän beýleki çeşmelere hem hüjüm ederler. Bu söz azatlygy boýunça esasy hukugyň bozulmagydyr. Hökümetler, media, hususy sektor we adam hukuklary jemgyýetçiligi bilen täjik raýatlary bu çäräni ýazgarmalydyr".

Täjigistanda iş alyp barýan birnäçe internet kompaniýalarynyň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, olar Aragatnaşyk gullugyndan "Radio Ozodiniň" websaýtyny petiklemek barada SMS arkaly görkezme alypdyrlar. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna gowşan tassyklanmadyk maglumata görä, şondan soň degişli edaralara ýazmaça resmi görkezme hem berlipdir.

Täjigistanyň Döwlet aragatnaşyk gullugynyň başlygy Beg Zukurow 26-njy noýabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda "Facebook" saýtynyň petiklenmegini "tehniki näsazlyklar" bilen baglanyşdyrypdy. Zukurow bu saýtdaky "ähli diskussiýalara gözegçilik edilmelidigini" hem aýdyp, "Facebook" saýtynyň Täjigistandaky salgyt durumyny hem gozgapdy. Sosial media sahypalarynda bu mesele gülkünç ýagdaý hökmünde diskussiýa edilipdi.

Soňra Zukurow meşhur websaýtlara girişleriň petiklenmeginiň "meýletinçileriň" talaplarynyň nazarda tutulyp amala aşyrylandygyny aýtdy. Bu usul Sowet döwründe hökümetiň repressiw çärelerini aklamak üçin ulanylýardy.
XS
SM
MD
LG