Sepleriň elýeterliligi

Dünýä AIDS güni: Aladalar we umytlar


UNAIDS guramasy Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynda HIV wirusynyň ýaýraýyş depgininiň kem-kem güýçlenýändigini belleýär.

UNAIDS guramasy Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynda HIV wirusynyň ýaýraýyş depgininiň kem-kem güýçlenýändigini belleýär.

1-nji dekabrda halkara derejesinde Dünýä AIDS güni bellenilip geçilýär. Munuň maksady HIV wirusynyň üsti bilen ýaýraýan AIDS keseline garşy göreşe jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybarat.

BMG-niň bu kesele garşy göreş alyp barýan UNAIDS guramasy soňky iki ýylyň dowamynda HIV/AIDS-e garşy göreşde käbir görnetin öňegidişlikleriň bolandygyny aýdýar.

UNAIDS guramasynyň aýtmagyna görä, bu keseliň wirusyna täze ýolugýan adamlaryň sany dünýäniň 25 ýurdunda iki esse töweregi azalypdyr. Şol ýurtlardan 13-si Afrikanyň sub-Sahara ýurtlary.

Şeýlelikde, maglumata görä, AIDS bilen baglanyşykly ölýän adamlaryň sany-da 2005-nji ýyldan soňky geçen döwrüň içinde 25% töweregi kemelipdir.

Alada döredýän görkezijiler

Beýleki tarapdan, BMG-niň UNAIDS guramasy Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynda HIV wirusynyň ýaýraýyş depgininiň kem-kem güýçlenýändigini belleýär.

Guramanyň maglumatyna görä, bu regionlarda 2000-nji ýyldan soňky döwürde HIV wirusyna ýolugýanlaryň sany üç esse artypdyr.

Ukrainada soňky on ýylyň dowamynda AIDS-den ölýän adamlaryň sanyny görkezýän tablisa.

Ukrainada soňky on ýylyň dowamynda AIDS-den ölýän adamlaryň sanyny görkezýän tablisa.

UNAIDS guramasynyň maglumatynda Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň arasynda bu keseliň Ukrainada iň güýçli depginde artýandygy aýdylýar. Maglumata görä, şu günki gün Ukrainada bu wirus bilen kesellän adamlaryň sany 230 müň töweregi diýlip hasaplanylýar.

UNAIDS guramasy Ukrainada bu howply wirusyň güýçli depginde ýaýramagyna sebäp bolýan esasy problemalardan biriniň raýatlaryň neşe maddalaryny sanjym arkaly ulanmaklarydygyny aýdýar.

Maglumata gorä, Gündogar Ýewropa ýurtlarynda HIV wirusyna täze ýolugan adamlaryň 40%-e golaýy neşe sanjymlaryndan hem-de özleriniň seks partnýorlaryndan kesellän adamlar.

Postsowet giňişliginde-de artýar

BMG-niň bu ýörite guramasy soňky birnäçe ýylyň dowamynda Gürjüstanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Moldowada HIV wirusy bilen keselleýän raýatlaryň sanynyň 25%-den hem gowrak artandygyny aýdýar.

Orsýetiň AIDS keseline garşy göreş merkeziniň direktory hem Orsýetde her gün ortaça 200 töweregi adamda bu keseliň wirusynyň anyklanýandygyny aýdyp, AIDS keseliniň “milli howpa” öwrülendigini belledi.

Diňe 2011-nji ýylda Orsýetde HIV wirusyna täze ýoluganlaryň 60 müňden gowragynyň anyklanandygy habar berilýär.

BMG-niň UNAIDS guramasynyň maglumatyna görä, 2001-2011-nji ýyllar aralygynda Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika regionlarynda HIV wirusyna ýoluganlaryň sany 35% töweregi artypdyr.

Ýöne, şeýle-de bolsa, BMG-niň UNAIDS guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Mişel Sidibe soňky ýyllar dünýäniň 25 ýurdunda bu howply wirus bilen keselleýän adamlaryň sanynyň iki esse töweregi azalandygyny aýdyp, bu ugurda oňyn görelde alarlykly tejribeleriň bardygyny nygtady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG