Sepleriň elýeterliligi

Halkara derejesinde Dünýä AIDS güni bellenilip geçilýär


Şenbe güni halkara derejesinde Dünýä AIDS güni bellenilip geçilýär. Munuň maksady HIV wirusynyň üsti bilen ýaýraýan AIDS keseline garşy göreşe jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybarat.

BMG-niň bu kesele garşy göreş alyp barýan UNAIDS guramasynyň aýtmagyna görä, soňky ýyllar bu keseliň wirusyna täze ýolugýan adamlaryň sany dünýäniň 25 ýurdunda iki esse töweregi azalypdyr. Şol ýurtlardan 13-si Afrikanyň sub-Sahara ýurtlary.

Emma, beýleki tarapdan, UNAIDS guramasy Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynda HIV wirusynyň ýaýraýyş depgininiň kem-kem güýçlenýändigini-de belleýär. Guramanyň maglumatyna görä, bu regionlarda 2000-nji ýyldan soňky döwürde HIV wirusyna ýolugýanlaryň sany üç esse artypdyr.

UNAIDS guramasynyň maglumatynda Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň arasynda bu keseliň Ukrainada iň güýçli depginde artýandygy aýdylýar. Maglumata görä, şu günki gün Ukrainada bu wirus bilen kesellän adamlaryň sany 230 müň töweregi diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG