Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝUNISEF Aşgabatda çagalaryň hukuklary barada çäre gurnady


Anna güni Aşgabatda BMG-niň Çagalar Fondunyň, ýagny ÝUNISEF programmasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda konsultatiw duşuşyk geçirildi.

Onda adam hukuklary, şol sanda çagalaryň-da hukuklary bilen baglanyşykly halkara ylalaşyklaryny we konwensiýalaryny durmuşa geçirmekligiň praktiki ugurlary barada maslahat edildi.

Bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Bilim ministrliginden, Ilatyň zähmet we sosial goragy ministrliginden, Adalat ministrliginden, Medeniýet ministrliginden, Türkmenistanyň Mejlisinden we prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutdan hem wekiller gatnaşdylar.

Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny we saglygyny goramak bilen baglanyşykly ençeme halkara dokumentlerine gol goýupdy.
XS
SM
MD
LG