Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: “Öde akga sazyny çaldy”


Çekeleşik karikaturasy.

Çekeleşik karikaturasy.

“Öde akga sazyny çaldy”

Mundan 20-25 ýyl ozal paýtagtda ýaşaýan türkmen ýazyjylarynyň oňat ýörelgesi bardy. Welaýatlardan gelen atly bagşylary öýüne myhman çagyryp, galamdaşlary bilen üýşüp diňlärdiler.

XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda Aşgabada gelen meşhur bagşy Ödeniýaz Nobatowy şahyr Kakabaý Gurbanmyradowyň öýünde diňlemäge ýygnandyk. Arak-şeraba biraz kellesi ýeňlän şahyr Italmaz Nyryýew meşhur bagşy aýdyma başlanda, onuň bilen deň gygyrýardy.

Munça zady toý-tomugda köp gören Ödeniýaz Nobatow (biz oňa hormat bilen “Öde akga” diýip ýüzlenýärdik) Italmaz gygyrmasyny bes edýänçä saz çalyp, soňra äydymy dowam edýärdi.

Şol günüň ertesi Kakabaý bilen duşuşan ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew:

– Sen näme üçin düýn meni öýüňe çagyrmadyň? Öde akgany diňe özüňiz diňläp, hezil edipsiňiz– diýip, igenýär.

Kakabaý oňa:

–Tirkiş, oňa gahar etme! Öten agşam Italmaz aýdym aýtdy, Öde akga bolsa onuň sazyny çaldy – diýip, bolan wakanyň gylyny gaçyrman, oňa gürrüň beripdir.

***

Aragyň başyna iş düşende…

Dagystanly meşhur şahyr Rasul Gamzatow orta aziýali galamdaşlaryna aýratyn gadyr-hormat goýýardy. Moskwada, SSSR Ýazyjylar Birleşiginde geçirilýän ýygnanyşyklarda sähel mümkinçilik dörese, ol orta aziýaly ýazyjylaryň ýanyna gelerdi.

Ol biziň ýaly ýaşlar bilenem tanyşardy, köne tanyşlary, deň – duşlary bilen degşip– gülüşerdi, biziň bilen bile iýip-içerdi. 1986-njy ýylda SSSR Ýazyjylar Birleşiginiň Plenumy geçirildi. Plenumyň 1-nji iş güni tamamlanandan soň, Rasul aga öňki ýörelgesine eýerip, biziň – orta aziýaly yazyjylaryň ýanyna geldi.

Ol özbegistanly dosty şahyr Şükürulla (Şükürulla akga häzir aýatda bar, 92 ýaşynda, Daşkende sag-salamat ýaşap ýör) ýüzlenyp:

– Şükürulla, ikimiz biraz garradyk, ýaşlaryň aýagyna eýermeris. Gowusy, çolaja restoran tapyp, şol ýerde könäni ýatlap, arak içeil – diýdi.

Şükürulla aka oňa:

– Rasul, men arak-şerap içmegi goýdum – diýdi.

1986-njy ýyl Mihail Gorbaçýowyň SSSR-de arak-şeraby içmegi gadagan eden, “Ser saglyk” syýasatyny yglan eden ýylydy. Arak-şerap ýurtda iň gyt haryda öwrülipdi. Rasul aga Şükürulla akganyň üstüne çyny bilen hüjüme geçdi:

– Şükürulla, sen namart adam ekeniň! Başyňa agyr-agyr külpetler indi. Stalinçilik repressiýa duçar bolup, ömrüň esli bölegini Sibirde sürgünde geçirdiň. Şonda şol howup-hatarlary arak-şerap içip, ýeňdiň. Seniň başyňa iş düşende arak saňa
hossar boldy. Bu gün aragyň başyna iş düşdi. Ony öndürmegi çäklendirdiler. Köp ýerde içmäge gadaganlyk girizildi. Sen namartlap, araga hossar çykaňok – diýdi.

Şükürulla akga hezil edip güldi. Soňra-da:

– Rasul, dogrudanam, men namartlaýan ekenim.Ýör, araga hussar bolaly– diýdi.

Iki ussat biziň bilen hoşlaşyp, egin deňläp, ýanymyzdan gitdi.

***

Birden okasalar, nätjek?

Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Türkmen raýonynda doglan, mekdebi tamamlandan soňra Türkmenistana gelip, Türkmen Döwlet uniwersitetini tamamlan,Türkmenistanda ýaşamaga galan publisist hem-de şahyr Nikolaý Zolatarýow türkmen dilini oňat bilýärdi. Üstesine-de, ol dili şerebeli, degişgen adamdy.

Ol XX asyryň 60- njy ýyllarynda edebiýata gelen edebi nesliň wekilidi. Nikolaýyň deň-duşy, dosty ýazyjy Hojanepes Meläýew mydama uly wezipelerde işlän, kitaplary Moskwada we Aşgabatda iň köp çykýan awtorlaryň biridi.

Ol her gezek kitaby çapdan çykanda, täze kitabyna hoşniýetli ýazgy (awtorgaf) ýazyp, Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň, respublikanyň Ministrler Sowetiniň ýolbaşçylarynyň kabulhanasynda goýup gaýdýardy. Hojanepes Meläýewiň niýety – eserleri SSSR we Türkmenistan derejesinde söýlüp okalýan meşhur ýazyjy hökmünde şol ýolbaşçylaryň gözüne ilmekdi.

Bir gezek Nikolaý oňa:

– Hojanepes, sende akyl bar-da, pikir ýok. Merkezi Komitetiň hem-de Ministrler Sowetiniň ýolbaşçylary ömründe çeper eser okan adamlar däl. Olaryň baş aladasy wezipesini gorap saklap, wezipede köpräk oturmak. Ýöne sen şonda-da kitabyňa awtograf ýazyp, olara peşgeş berýärsiň. Sen muny bes et! Birden biri ýalňyşyp-ýazyp eseriňi okaýsa, seniň näderejede ýazyjydygyňa göz ýetirer. Onsoň sen bujagaz günüňi-de tapmarsyň – diýip, “peýdaly maslahat” beripdir.

Toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG