Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington Ysraýylyň täze gurluşyk planlaryny tankyt edýär


Amerikanyň Birleşen Ştatlary Gündogar Ierusalimde we Günbatar Kenarda Ysraýylyň täze müňlerçe ýaşaýyş jaýyny gurmak baradaky planlaryny tankyt etdi.

Bu barada anna güni giçlik eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Ysraýylyň bu täze planlarynyň Palestina bilen Ysraýylyň parahatçylyk gepleşiklerinde yza tarap hereket boljakdygyny nygtady.

Waşingtonda Hillari Klintonyň çykyş eden bu duşuşygyna Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman we goranmak ministri Ehud Barak dagylar-da gatnaşdylar.

Ysraýyl Palestinanyň basylyp alnan territoriýalarynda täze gurluşyk işlerine başlamak baradaky özüniň bu planyny BMG-niň Baş Assambleýasynda Palestina “synçy-döwlet” statusynyň berilmeginiň edil yzýany yglan etdi.
XS
SM
MD
LG