Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sloweniýa: Protestçiler polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar


Sloweniýada ýekşenbe güni geçiriljek ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynyň öňýany, anna güni paýtagt Lýublýanada gurnalan protest demonstrasiýasynda polisiýa güýçleri protestçiler bilen çaknyşdylar.

Bu wakada azyndan 20 töweregi adamyň ýaralanandygy we 30 töweregi adamyň-da polisiýa tarapyndan tussag edilendigi habar berilýär.

Polisiýa güýçleri elleri daşly we çüýşeli özlerine garşy hüjüm eden protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazlary we güýçli suw çüwdürimlerini ulandy.

Munuň özi prezidentlik saýlawlarynyň öňýany Sloweniýanyň paýtagtynda şu geçen bir hepdäniň dowamynda ýüze çykan ikilenji köpçülikleýin bulagaýçylykdyr.

Protestçiler öz çykyşlarynda Sloweniýanyň häzirki hökümetini korrupsiýada aýypladylar we hökümetiň býujeti çäklendirmek baradaky planlaryny ýazgardylar.
XS
SM
MD
LG