Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet aktiwistleri daşary ýurtlardan goldaw almakda aýyplaýar


Şenbe güni Orsýetiň jenaýat derňewçileri ýurduň käbir oppozisiýa wekilleriniň häkimiýeti agdarmak planlarynyň çäklerinde daşary ýurtlardan ýardam alandyklaryny görkezýän subutnamalaryň bardygyny öňe sürdüler.

Orsýetiň jenaýat-derňew komitetiniň metbugat sekretary Wladimir Markin oppozision aktiwistler Sergeý Udalsowyň, Leonid Razwozžaýewiň hem-de Konstantin Lebedewiň köpçülikleýin bulagaýçylyklary döretmegi planlaşdyrýan günlerinde ençeme gezek daşary ýurtlular bilen maslahat geçirendiklerini aýtdy.

Wladimir Markin şol gürrüňi edilýän daşary ýurtlulardan biriniň-de Gürjüstanyň raýaty Giwi Targamadzedigini mälim etdi. Giwi Targamadzäniň özi Orsýetiň oppozisiýasy bilen nähilidir bir hyzmatdaşlygynyň bardygyny inkär edýär.

Wladimir Markin häzirki derňew işleri tamamlanandan soň, bu derňewleriň netijesiniň jemgyýetçilige elýeterli ediljekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG