Dekabryň başky ýekşenbesinde Türkmenistanda Goňşokara baýramçylygy bellenilip geçilýär. Soňky ýyllar bu resmi baýram hökmünde bellense-de, aslynda, goňşokara türkmenleriň arasynda ir zamanlardan bäri dowam edip gelen gowy däpleriň biridir.
Türkmenler goňşokara barada “Bar okaram, gel okaram; barmasaň-gelmeseň, orta ýolda döwül okaram” diýipdir. Türkmen öz goňşusyny doganyndan kem görmändir. Şonuň üçin ol “Kyýamat güni goňşudan” diýen ýaly nakyllary-da döredipdir. Şol beýik däbe eýerip, biz öz goňşularymyzy ýatlaýarys.
“Goňşy halyny goňşy biler” diýipdirler. Döwlet hökmünde goňşularymyza gezek gelende, bizi köp oýlandyrýany hem alada galdyrýany, megerem, Owganystan bolsa gerek. Ol ýerde indi ençeme wagtdan bäri dürli uruşlar hem özara içki çaknyşyklar dowam edip gelýär.
Ýöne, şeýle-de bolsa, durmuş dowam edýär. Täze nesil ösüp ýetişýär. Toýlar tutulýar, aýdym aýdylýar.
Goňşokara baýramçylygyna gabatlap ýazyjy Hudaýberdi Hally owganystanly ildeşimiz Arna Juma bilen ýörite söhbetdeş boldy. Şahyr hem bagşy hökmünde tanalýan Arna Juma paýtagt Kabul şäherinde ýaşaýar. Ol “Şirwan” diýen edebi lakam bilen döwrebap goşgular ýazýar hem türkmeniň bagşyçylyk sungatyny dowam etdirip, aýdymlar aýdýar.
Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň: