Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Ysraýylyň gurluşyk planlaryny tankytlaýar


Aglaba ilaty araplardan ybarat bolan Gündogar Ierusalimde Ysraýyl tarapyndan gurlan täze binalaryň bir toplumy. Dekabr, 2010.

Aglaba ilaty araplardan ybarat bolan Gündogar Ierusalimde Ysraýyl tarapyndan gurlan täze binalaryň bir toplumy. Dekabr, 2010.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary okkupirlenen ýerler diýlip hasaplanylýan Gündogar Ierusalimde we Günbatar Kenarda Ysraýylyň täze müňlerçe ýaşaýyş jaýyny gurmak baradaky planlaryny tankyt etdi.

Bu barada anna güni giçlik eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Ysraýylyň bu täze planlarynyň Palestina bilen Ysraýylyň parahatçylyk gepleşiklerinde yza tarap hereket boljakdygyny nygtady.

Ysraýyly “öjükdiren” ýagdaý

Waşingtonda Hillari Klintonyň çykyş eden bu duşuşygyna Ysraýylyň käbir ýokary derejeli resmileri, şol sanda daşary işler ministri Awigdor Liberman we goranmak ministri Ehud Barak dagylar-da gatnaşdylar.

Anna güni Ysraýylyň Gündogar Ierusalimde hem-de Günbatar Kenarda okkupirlenen territoriýalarda ýene goşmaça 3 müň sany täze ýaşaýyş jaý komplekslerini gurjakdygyny yglan etdi.

Ysraýylyň bu ädimi şu geçen hepdäniň penşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynda Palestina “synçy-döwlet” statusynyň berilmegine garşy yglan eden özboluşly protesti hökmünde alamatlandy.

Geçen hepde Palestinanyň statusynyň ýokarlandyrylmagyna garşy Ysraýylyň we Birleşen Ştatlaryň BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çagyryşlaryna garamazdan, 138 ýurduň Palestinanyň täze statusyny goldamagy netijesinde oňa “synçy-döwlet” statusy berildi.

Palestinanyň pozisiýasy

Palestinalylar geljekde döredilmegi göz öňünde tutulýan Palestin döwletiniň tutuş Günbatar Kenary we Gaza Sektoryny öz içine almagyny, Gündogar Ierusalimiň bolsa Palestin döwletiniň paýtagty bolmagyny isleýärler.

Käbir synçylar geçen hepde Palestinanyň statusyny ýokarlandyrmak arkaly, BMG-niň Baş Assembleýasynyň Palestin döwletiniň hut şu territoriýalary öz içine almalydygy baradaky ideýany-da doly goldaýandygyny görkezendigini aýdýarlar.

Ýöne Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu territoriýalar bilen baglanyşykly gutarnykly karara diňe Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky göni gepleşikleriň netijesinde gelinmelidigini öňe sürýär.

Emma, beýleki tarapdan, soňky iki ýylyň dowamynda Palestina bilen Ysraýylyň arasynda çynlakaý bir gepleşikler bolmady.

Anna güni Waşingtondaky Ýakyn Gündogar syýasaty boýunça iş alyp barýan Saban Merkezinde eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton taraplaryň ikisini-de birneme geljege seredip, oýlanyşykly hereket etmeklige çagyrdy.

Klinton taraplaryň geljekde doly statusly iki goňşy döwletiň döredilmegine getirip biläýjek gepleşikleri ýola goýmaklygyň üstünde oýlanmalydyklaryny nygtady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG