Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Konstitusiýanyň töweregindäki gohlar artýar


Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasynda prezidentiň garşydaşlary protestlerini dowam etdirýärler. Kair, 1-nji dekabr, 2012.
Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasynda prezidentiň garşydaşlary protestlerini dowam etdirýärler. Kair, 1-nji dekabr, 2012.
Ýekşenbe güni Müsüriň Ýokary sudy täze konstitusiýany işläp düzmek bilen meşgullanan Geňeşiň kanunylygyny sorag astynda goýup, bu işe garamaklygy planlaşdyrypdy. Emma sud öz sessiýasyny yza süýşürdi.

Ýokary suduň metbugat sekretary bu baradaky sessiýanyň yza süýşürilmegini administratiw sebäpler bilen baglanyşdyrdy.

Emma öz adynyň tutulmagyny islemedik bir ýerli adwokat sessiýanyň ýatyrylmagynyň sebäbini suduň binasynyň öňünde müňlerçe protestçiniň demonstrasiýa geçirýän wagty sudýalaryň öz howpsuzlygy barada alada edendikleri bilen düşündirdi.

Ýokary suduň bu mesele baradaky sessiýasynyň indi haçan geçiriljekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

Tarapdarlar we garşylar

Hepdäniň şenbe güni Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsi täze düzülen konstitusiýanyň taslamasyna ses bermek boýunça ähliumymy referendumyň 15-nji dekabrda geçiriljekdigini yglan etdi.

Şenbe güni prezident Mürsüni we täze konstitusiýanyň taslamasyny goldaýjy onmüňlerçe adam öz goldawyny mälim etmek üçin paýtagt Kairde we ýurduň käbir beýleki şäherlerinde demonstrasiýa geçirdi.

Protestçilerden biri ýüzüniň ýarsy Muhammad Mürsüniňki, ýarsy hem Hosni Mübäregiňki bolan suraty göterýär. Kair, 30-njy noýabr.
Protestçilerden biri ýüzüniň ýarsy Muhammad Mürsüniňki, ýarsy hem Hosni Mübäregiňki bolan suraty göterýär. Kair, 30-njy noýabr.
Şol bir wagtyň özünde Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasynda prezidentiň garşydaşlary-da öz protestlerini dowam etdirdiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy Müsüriň täze düzülen konstitusiýasynyň “ýeterlik derejede ynsan hukuklaryny goramaýandygyny”, “aýal-gyzlaryň hukuklaryna göz ýumýandygyny” we “dini gymmatlyklary goramak delili esasynda söz azatlygyny çäklendirýändigini hem-de graždan ilatyň harby tribunalda sud edilmegine ýol berýändigini” aýdyp, muny tankyt edipdir.

Täze konstitusiýany düzmek bilen meşgullanan Geňeş bu işi örän gysga wagtyň içinde tamamlap, ony tassyklady. Bu wakanyň edil öňýany, 22-nji noýabrda bolsa prezident Mürsi öz ygtyýarlyklaryny artdyryjy täze permanlara gol çekdi.

Prezidente bolan ynamsyzlyk

Prezidentiň täze ygtyýarlyklarynyň hatarynda öz kabul eden kararlaryna sud arkaly garşy çykyp bolmaýandygy barada-da ygtyýarlyk bar.

Muhammad Mürsüniň özi özüniň bu täze ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn häsiýete eýedigini we konstitusiýanyň güýje girmegi bilen, bu ygtyýarlyklaryň ýatyryljakdygyny tekrarlaýar.

Prezident Mürsüniň öz bu wadasyny gaýtalap eden çykyşyna şenbe güni oppozision protestçiler Kairiň Tahrir meýdançasynda ynamsyzlyk we gahar-gazap bilen reaksiýa bildirdiler.

Bu soňky wakalar 83 million ilatly Müsürde ilat arasyndaky syýasy bölünişikleriň kem-kem çuňlaşýandygyny görkezýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy öz beýanatynda Müsüriň täze taýýarlanan konstitusiýasynyň ýurduň ozalky diktator lideri Hosni Mübäregi häkimiýetden çetleşdirmek hem-de öz hukuklaryny talap etmek üçin köçä çykan müsürlileriň köpüsiniň “lapyny örän keç etjekdigini” nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG