Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Ýokary sud täze konstitusiýa bilen bagly sessiýany yza süýşürdi


Ýekşenbe güni Müsüriň Ýokary sudy täze konstitusiýany işläp düzmek bilen meşgullanan Geňeşiň kanunylygyny sorag astynda goýup, bu işe garamaklygy planlaşdyrypdy. Emma sud öz sessiýasyny yza süýşürdi.

Ýokary suduň metbugat sekretary bu baradaky sessiýanyň yza süýşürilmegini administratiw sebäpler bilen baglanyşdyrdy.

Emma munuň sebäbi suduň binasynyň öňünde müňlerçe protestçiniň demonstrasiýa geçirýän wagty howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazdygy bilen-de baglanyşdyrylýar. Ýokary suduň bu mesele baradaky sessiýasynyň indi haçan geçiriljekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

Hepdäniň şenbe güni Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsi täze düzülen konstitusiýanyn taslamasyna ses bermek boýunça ähliumymy referendumyň 15-nji dekabrda geçiriljekdigini yglan etdi.

Şenbe güni prezident Mürsüni we täze konstitusiýanyň taslamasyny goldaýjy onmüňlerçe adam öz goldawyny mälim etmek üçin paýtagt Kairde we ýurduň käbir beýleki şäherlerinde demonstrasiýa geçirdi.

Şol bir wagtyň özünde Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasynda prezidentiň garşydaşlary-da öz protestlerini dowam etdirdiler.
XS
SM
MD
LG