Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýyl Palestina üçin ýygnaýan pul ýygymlaryny togtadýar


Ýekşenbe güni Ysraýylyn hökümeti Palestinanyň hökümetine ýardam bermek üçin ýygnaýan 100 million dollardan hem gowrak salgyt we käbir beýleki ýygymlaryny ýygnamagyny bes edýändigini yglan etdi.

Ysraýylyn bu ädimi şu geçen hepde BMG-niň Baş Assambleýasynda Palestina “synçy-döwlet” statusynyň berilmegine garşy yglan eden özboluşly protesti hökmünde alamatlandy.

Ysraýylyn maliýe ministri Ýuwal Stenits bu ýygnalýan puluň şu çaka çenli Ysraýylyn elektrik kompaniýasyna we käbir beýleki kompaniýalaryna Palestinanyň töleglerini tölemek üçin ulanylyp gelnendigini aýtdy.

Bu wakanyň fonunda ýekşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasyndan dolanyp gelen palestin lideri Mahmud Abbasy “ýeňiji” hökmünde garşylamak üçin Palestinanyň Ramallah şäheriniň köçelerine müňlerçe adam çykdy.
XS
SM
MD
LG