Sepleriň elýeterliligi

Meksika: Täze prezidente garşy gazaply demonstrasiýa geçirildi


Ýekşenbe güni Meksikada prezidentlige täze saýlanan Enrikue Pena Nietonyň prezidentlik wezipesine kasam etmeginiň yzýany paýtagt Mehikoda ýüze çykan bulagaýçylyklarda onlarça adam ýaralandy.

Polisiýa bu protest çykyşlarynda azyndan 76 adamyň ýaralanyp, 100 töweregi adamyň-da tussag edilendigini aýdýar.

Protestçiler 2000-nji ýyla çenli bu ýurdy 70 ýyllap dolandyryp gelen PRI partiýasynyň wekiliniň döwlet başyna gelmegine garşy çykyş etdiler.

Maglumata görä, Meksikanyň paýtagtynda ýüze çykan bu bulagaýçylyklarda protestçiler polisiýa işgärlerine garşy daş we içi ýangyçly otly çüýşeleri zyňyp, hüjüm edipdirler.

Şeýle hem, olar paýtagtdaky dukanlaryň ençemesiniň aýnalarynydyr gapylaryny döwüp, ýykan-ýumrançylyklary döredipdirler.
XS
SM
MD
LG