Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky partlamada azyndan ýedi adamyň ölendigi habar berilýär


Ýekşenbe güni Siriýanyň oppozision aktiwistleri Homs prowinsiýasyndaky bir metjidiň ýanynda amala aşyrylan partlamada azyndan ýedi adamyň ölendigini habar berdiler.

Siriýanyň SANA döwlet habar agentligi bu wakada ölen adamlaryň sanynyň 15-digini we ýene-de 24 adamyň ýaralanandygyny aýdýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän we Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça iş alyp barýan topar ýekşenbe güni paýtagt Damaskyň eteklerinde hökümet güýçleriniň oppozision ýaragly söweşijileriň ýerleşýän ýerleridir diýlip çaklanylýan ýerleri artilleriýa oklaryna tutandygyny habar berdi.

Bu toparyň maglumatyna görä, diňe şu şenbe güni Siriýadaky çaknyşyklarda ýaragly söweşijilerden 76 adam, parahat ýaşaýjylardan 68 adam we hökümet harbylaryndan hem 38 adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG