Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şeýle pursat geldi...


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.
Şeýle pursat geldi...

Şeýle pursat geldi, men ýeke galdym –
Ne ýakynym, ne dostum bar ýanymda.
Tutyny goýberip, aýnany ýapyp,
Bir aýylganç gygyranym ýadymda.

Şeýle bir gygyrdym ýassygy çeýnäp,
Öz sesime gulaklarym gapyldy.
Ötegçi akyp dur eýläk-de, beýläk,
Ne-hä eşden, ne-de gelen tapyldy.

Dost-ýaryma ýeke-ýeke jaň etdim,
Kimse öýünde ýok, kim “zerur işli”.
Ot alan otagda galan güjük deý
Ýürek urnup-urnup, ýerinden süýşdi...

Ýene-de gygyrdym penjirä bakyp:
“Tapylmazmy, heý, göwünlik berenler?!”
...Birniň sesi geldi: “Henizem bar-ow
Mesligine çydap bilmän ýörenler!”

***

Şygyrýet

Şygyrýet – garaňky, ýabany jeňňel,
Urýaň özüň başyň salyp etege.
Çykman ýatmalyka gyzgyn gujakdan,
Geçýäň güpbi geýip sowuk otaga.

Nesibäňden çykýar kä “süýtli sygyr”,
Kä “gysyr geçini” ürç edip sagýaň.
Donuňa sygaňok gowy zat ýazsaň,
Bolgusyz zat ýazsaň kisä-de sygýaň.

Galamhaky üçin salma dawany,
Abraý – kolbasa däl, nobata durma!
Bir-ä başga kişä çöwürme dodak,
Birem “Men şahyr!” diýp, döşüňe urma!

***

Beýni we ýürek

Meň ýüregmi çalşaýan-a däldirler?!
Soňky wagtlar beýni bilen gyr-tutuş.
Görýän zadym bir zat, duýýanym – başga.
Göçgün kelle owsun atýar jennete,
Ýürekde lowlaýar dowzahy ataş.

Beýni dalaş edýär ýedi gat arşa,
Ýürek goýberenok, aslyşyp ýatyr.
Ýadaw göwre bu durmuşyň agzynda
Iň soňky diş kimin yranyp otyr.

Ýürege dynçlyk ýok beýniden ýaňa,
(Güme giden ýene birni äkidýär!)
Kelle ot gorsaýar bezzat çaga deý.
Ol her gezek täze hokga tapanda
Ýurek äne kimin tisginip gidýär.
XS
SM
MD
LG