Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ilat ýazuwyna taýýarlygy yglan edildi


Türkmenistanda 15-26-njy dekabr aralygynda ählimumy ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlyk işleriniň jemi jemlendi. Bu meselä Döwlet komissiýasynyň hepde ahyrynda geçirilen nobatdaky maslahatynda garaldy.

TDH gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetinde we onuň welaýat merkezlerinde “gyssagly telefon liniýalary” işläp başlapdyr.

Bu liniýalaryň üsti bilen ählimumy ilat we ýaşaýyş fondunyň ýazuwynyň geçiriliş tehnologiýasy barada maglumat beriler, şeýle hem bu liniýalar ählimumy çäre barada ilatyň habarly edilişine monitoring etmäge mümkinçilik döreder.

Ählimumy ilat ýazuwynyň netijesinde ilatyň sany, onuň düzümi, durmuş-ykdysady häsiýeti, ýurt boýunça bölünişi, milli we dil aýratynlygy, bilim derejesi barada statistiki maglumat toplanar.
XS
SM
MD
LG