Sepleriň elýeterliligi

Öňki howpsuzlyk generalynyň hassadygy aýdylýar


Kanuny ýerine ýetiriji edaralaryň başlyklary hökümet maslahatynda. Aşgabat, 8-nji iýun, 2010 ý.

Kanuny ýerine ýetiriji edaralaryň başlyklary hökümet maslahatynda. Aşgabat, 8-nji iýun, 2010 ý.

Ýurt içindäki ynamdar çeşmeler Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edarasynyň ozalky ýolbaşçysy Saparmyrat Seýidowyň ýurduň onkologiýa hassahanasynda bejergi alýandygyny habar berýärler.

Bu habary düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň “Türkmenistanyň hronikasy” atly internet neşiri hem tassyk edýär.

“Türkmeni inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosynyň bu habaryň näderejede ynamdardygy baradaky soragyna şeýle jogap berdi:

“Bize habar iberýän adamlar bar we olar köplenç biri-birini tanamaýan, başga-başga adamlar. Bu habar möhüm bolansoň, biz ony başga çeşmeler arkaly hem barlamaly bolduk. Şu barlagda garaşsyz adamlar hem Sapar Seýidowyň agyr hassadygyny tassyk etdiler” diýip, hukuk goraýjy Tuhbatullin aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky ynamdar çeşmesi Saparmyrat Seýidowyň mazaly horlanandygyny, ýakyn garyndaşlarynyň bu ýagdaýdan örän alada galandyklaryny habar berdi.

Emma muňa garamazdan, Azatlyk Radiosyna öňki howpsuzlyk generalynyň keselini anyklamak we onuň hassalygynyň näderejede çynlakaýdygyny bilmek başartmady.

Saparmyrat Seýidow Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edarasyna 1992-1999-njy ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk etdi.

Emma ol 2003-nji ýylyň ýanwarynda alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, berk düzgünli koloniýa ugradyldy. Şonda ony prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygyna gatnaşmakda aýyplapdylar.

S.Seýidow 2008-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda, tussaglyk möhleti tamam bolandan soň, azatlyga goýberildi. Ol häzir 70 ýaşynda.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG