Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti Türkiýä, Türkmenistana sapar edýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni Türkiýaniň liderleri bilen Siriýa dawasyny maslahat etmek, şeýle hem türk-rus bizines hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikler geçirmek üçin Stambula barýar.

Wladimir Putin Türk-rus ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyny alyp barmaga gatnaşar we premýer-ministr Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikler geçirer.

Soňky wagtda Siriýa dawasy sebäpli türk-rus gatnaşyklary dartgynlaşypdy.

Türkiýe Moskwanyň uzak wagtdan bäri ýarany prezident Başar al-Assadyň režimini agdarmak barada açyk çagyryş etdi. Orsýet Türkiýäniň goňşusy Siriýadaky söweşe daşky güýçleriň goşulmagyna garşy durdy.

Bu Putiniň iki aýdan soň ilkinji daşary ýurda saparydyr. Çarşenbe güni onuň Türkmenistana saparyna garaşylýar.

Putiniň saparyndan öň Kreml onuň näsaglygy baradaky maglumaty inkär etdi.
XS
SM
MD
LG