Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň režimi Damaskyň etegine howa hüjümini edýär


Siriýanyň hökümetiniň harby uçarlary we artilleriýasy paýtagt Damaskyň etegindäki pitneçileriň bolýan territoriýasyna hüjüm etdiler.

Maglumatlara görä, režimiň harby güýçleri pitneçileri Damaskyň aeroportundan çykarmaga we paýtagtyň raýonlaryna olaryň aralaşmagyny petiklemäge çalyşýarlar.

Siriýanyň hökümeti aeroportuň käbir bölegine kontrollygy gaýtarana meňzeýär. “Müsür howa ýollary” kompaniýasy Damaska we Aleppo şäherlerine öz reýslerini duşenbe güni täzeden açýändyklaryny mälim etdi.

Howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli awia reýsler soňky üç günüň dowamynda togtadylypdy.

Döwlet mediasynyň maglumatyna görä, merkezi Homs şäheriniň režimiň kontrollygyndaky raýonynda ýüz beren ulag partlamasynda azyndan 15 parahat ilat öldürilipdir we 24 adam ýaralanypdyr.

“SANA” habar agentligi Homsyň Hamra raýonynda ýekşenbe güni bolan ulag partlamasyny “terrorçy hüjüm” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG