Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Phenýangy raketa planlaryny ýatyrmaga çagyrýar


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jon Un.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jon Un.

Orsýet Demirgazyk Koreýa ýüzlenip, Phenýangy şu aýyň soňunda raketa uçurmak planlaryndan el çekmäge çagyrdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi duşenbe güni ýaýradan beýanatynda, raketanyň uçurylmagy BMG-niň rezolýusiýasyna garşy gelýändigini aýtdy.

Phenýang raketanyň orbita sateliti çykarmak üçin ulanylýandygyny öňe sürýär.

Emma, käbirler munuň ýadro däribaşyny göteriji balistik raketalaryň synagy boljakdygyny çaklaýarlar.

Demirgazyk Koreýa 2006-njy we 2009-njy ýyllarda ýadro ýaragynyň iki gezek synagyny geçiripdi.

ABŞ Demirgazyk Koreýanyň planlaryny eýýäm ýazgardy. Phenýangyň esasy tarapdarlarynyň biri Hytaý hem, bu planlara özüniň “aladasyny” bildirdi.

Günorta Koreýa we Ýaponiýa muňa garşy çärelerini geçirmegi maslahat edýändiklerini aýdýarlar.

Ýapon hökümetiniň metbugat wekili Osamura Fjimura duşenbe güni şeýle çykyş etdi: “Biz berk bir görnüşde Demirgazyk Koreýany takatlylyk bilen hereket etmäge çagyrýarys”.

Demirgazyk Koreýa uzak aralyk üçin niýetlenen raketany dekabryň 10-22 aralygynda uçurjakdygyny mälim etdi. Phenýangyň şu ýylyň aprelinde uçuran raketasy, şowsuzlyk bilen tamamlanypdy.

Günorta Koreýanyň “Ýonhap” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, raketanyň birinji tapgyry taýýar edilip, ol eýýäm gurnalypdyr.

Ýapon hökümetiniň metbugat wekili halkyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, ähli çäreleriň görüljekdigini belledi: “Eger-de Demirgazyk Koreýa raketany uçursa, biz zerur maglumatlary adatdan daşary ýagdaýlar ulgamynyň üsti bilen halka ýetireris. Biz ähli kişini radioda we telewideniýede beriljek habarlara ünsli bolmaga çagyrýarys”.

Gowuşýan maglumata görä, Ýaponiýa Okinawa adasynda raketa hüjümine garşy ulgamyny gurup başlapdyr. Habarlarda nygtalmagyna laýyklykda, eger-de raketa Ýaponiýanyň howa giňişligine girse, ony urmaga görkezme berilipdir.
XS
SM
MD
LG