Sepleriň elýeterliligi

Dubaýda internet meselelerine seredilýär


ITU-nyň baş sekretary Hamadoun Toure (sagda) Dubaý maslahatynda çykyş edýär. 3-nji dekabr, 2012 ý.

ITU-nyň baş sekretary Hamadoun Toure (sagda) Dubaý maslahatynda çykyş edýär. 3-nji dekabr, 2012 ý.

Halkara telekommunikasiýar bileleşigi ITU-nyň duşenbe güni Dubaýda başlanan 12 günlük maslahatynda, esasy tema global interneti dolandyrmak barada bolar diýlip pikir edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň bu gullugynyň baş sekretary Hamadoun Toure Dubaý maslahatyndan maksadyň telekom kompaniýalarynyň serhedaşa özara iş salyşmagy barada kanuny güýçdäki global şertnamany täzelemekdigini aýtdy: “Dünýäniň bizi global bilim jemgyýetine tarap ugrukdyrmaga mümkinçiligi bar. Bütin dünýäden 1500-den gowrak wekil, şol sanda milli hökümetleriň, senagat ekspertleriniň we graždan jemgyýetiniň tarapyny çalýanlar Dubaýyň Dünýä söwda merkezine ýygnanyp, halkara telekommunikasiýa düzgünleriniň täze toplumy barada çekişerler, pikir alşarlar”.

Käbir ýurtlar Berilýän atlar we sanlar baradaky internet korporasiýasy ICANN-iň global derejede kadalaşdyryjy ygtyýarlyklarynyň çäklendirilmegini isleýärler. "ICANN" korporasiýasynyň işi Domain at sistemalary we internet protokol adresleri ýaly internetiň tehniki aspektlerini koordinirlemekdir.

Bu ýurtlaryň ITU-nyň interneti dolandyrma işini öz üstüne almagy barada tagalla ederine garaşylýar. Bu hökümetler öz territoriýalaryna maglumat goýberýän, mysal üçin, Google ýaly kompaniýalaryň özlerine salgyt tölemegini, awtoritar režimler bolsa internete köpräk kontrollyk etmegi isleýärler.

Orsýet tarapyndan ediljek tekliplerde hem “milli internet sektoryny kadalaşdyrmak üçin” suweren hukuga, ýagny özygtyýarlylyga çagyrylýar.

Bu çekişmelerde beýleki tarapda Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi, Kanada şeýle hem Google ýaly kompaniýalar durýar. Bular interneti çäklendirmek üçin girizmäge synanyşylýan täze düzgünlere garşy.

Alan Woodward Surreý uniwersitetinde internet howpsuzlygy boýunça professor. Onuň aýtmagyna görä, bu çekişme internetiň açyk we dünýä derejesinde baglanyşykly galmagy üçin gaty möhüm: “Dolandyrmak diýmek kanunlary kim girizýär diýildigi däl. Ol standartlary kimiň kesgitleýändigi, adresler, konwensiýalara at bermek hakda kimiň karar berýändigi barada. Bularyň käbiriniň o diýen ähmiýetli bolmazlygy mümkin. Ýöne internetiň global bazada häzir işleýändiginiň bir sebäbi – bu işleriň ählisini bir toparyň, ýagny esasan ICANN-iň ýerine ýetirýändigidir. Bu dürli ýurtlara bölünip, her kim öz etjegini etse, onda bu iň soňunda internetiň bölek-bölek bolmagyna getirer”.

Google kompaniýasynyň internet işlerini guramalaşdyrýan toparyň başlygy Wint Serf Dubaýda halkara kommunikasiýa düzgünleriniň internetiň öz funksiýalaryny dowam etdirip, ösmegine täsir edip biljek derejede üýtgedilmegi mümkin diýip, duýduryş berýär: “Internet dürli ýollar bilen edilýän hüjüm astynda. Köp ýurtlar, aýratyn-da adamlaryň öz pikirlerini açyk beýan etmeginden aladalanýan ýurtlar oňa özlerine abanýan bir howp diýip garaýarlar. Internetiň dürli aspektlerini senzurada geçirýän ýurtlaryň sany häzir 40-dan ýokary”.
XS
SM
MD
LG