Sepleriň elýeterliligi

Ilat ýazuwyna taýýarlygyň ahyrky tapgyry


Ilat ýazuwy bilen baglanyşykly mobil telefonlaryň eýelerine SMS habarlary hem iberilýär.

Ilat ýazuwy bilen baglanyşykly mobil telefonlaryň eýelerine SMS habarlary hem iberilýär.

Türkmenistanda ýurduň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk işleriniň ahyrky tapgyry alnyp barylýar. Ýazuwa taýýarlyk işleri hem-de onuň nähili amala aşyryljakdygy barada türkmen metbugatynda jikme-jik maglumatlar berilýär.

Ýazuw döwri adamlara beriljek anket soraglaryna nähili jogap berilmelidigi barada hem ýurduň merkezi gazetlerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň yzygiderli düşündiriş häsiýetli makalalarydyr bildirişleri çap edilýär. Türkmen telewideniýesi boýunça ilaty bu çärä has aktiw gatnaşmaga çagyrýan dürli-dürli bildiriş wideorolikler görkezilýär.

Ilat ýazuwy bilen baglanyşykly mobil telefonlaryň eýelerine SMS habarlary hem iberilýär. 30-njy noýabrda ýaýradylan SMS habarlaryň birinde hem:

“Maşgala agzalaň, ýaşaýyş jaýyň
Ilat ýazuwyna bolgun sen taýyn!”


- diýen kapyýalaşdyrylan sözlem ýerleşdirilipdir.

Şeýle-de, şu ýylyň 1-nji dekabryndan tä 31-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynda we onuň sebitleýin statistika edaralarynda “gyssagly jaňlar” telefon aragatnaşygynyň hereket edip başlajakdygy barada-da metbugatda bildirişler çap edildi. Bu bildirişde “gyssagly jaňlar” arkaly raýatlar uçdantutma ilat ýazuwy bilen baglanyşykly özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça jogap alyp biljekdikleri barada aýdylýar.

Ýerli synçylaryň pikiriçe, bu hili taýýarlyk işleri ilkinji gezek geçirilýär. “Uçdantutma ilat ýazuwyna görülýän taýýarlyk işleri göwnejaý alnyp barylýar. Bu hili guramaçylyk işler Türkmenistan üçin täzelik.” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik aşgabatly synçy aýdýar.

Onuň pikiriçe, Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň maglumatlarynyň ähmiýeti ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin örän uly.

“Bu köpden bäri garaşylan, ýurt üçin derwaýys çäre. Çünki halk hojalygynyň islendik pudagyny dolandyrmakda takyk statistik maglumatlaryň ähmiýetiniň uludygy öz-özünden düşnükli zat” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.

Ilat ýazuwynyň zerurlygy barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi websaýtynda hem nygtalyp geçilýär. Agzalýan saýtda bu barada çap edilen maglumatda şeýle diýilýär: “Ilatyň sany barada gündelik ýöredilýän maglumatlar, nebsimiz agyrsa-da, ilatyň takyk hasabyny anyklamaklyga doly mümkinçilik berip bilmeýär”. Şol sebäpdenem köplenç halatlarda 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlaryna daýanmaly bolýandygy barada şol websaýtda aýdylýar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň öz-özüni tankyt etme beýanaty Türkmenistanyň döwlet guramalary üçin adatdan daşary bir ýagdaýdygyna garamazdan, bu guramanyň 2007-nji ýyla çenli her ýyl çap eden Türkmenistanyň ýyllyk statistika neşirlerinde Türkmenistanyň ilatynyň sany baradaky maglumatlar berilýärdi. Mysal üçin, 2000-2005-nji ýyllar aralygy boýunça ýyllyk statistik maglumatlar ýygyndysynda ýurduň ilatynyň sanynyň 6 million 746 müň adamdygy baradaky maglumat ýerleşdirilipdi. Emma, Saparmyrat Nyýazowdan soň, bu komitetiň çap eden ýyllyk statistik neşirlerinde ilat sany görkezilenok.

Bihabar adamlar

Ýöne aşgabatly mugallym, 42 ýaşly Geldimyrat Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýurduň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna görýän taýýarlyk işleriniň gidişine oňyn baha berilýändigine garamazdan, bu ýazuwyň nähili geçiriljekdigini bilmeýän ýa-da asla ýazuwyň geçirilýändiginden bihabar adamlaryň hem az däldigini aýdýar.

Ilat ýazuwyna gatnaşmaly Geldimyrat mugallym Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle gürrüň berýär: “Adamlaryň köpüsi türkmen gazetlerini okamaýarlar. Türkmen telewideniýesine tomaşa etmeýärler. Ilat arasynda bu ýazuw barada hem köp gürrüň edilmeýär. Şonuň üçin, bu çäreden bihabar adamlar heniz hem köp”.

Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy 15-26-njy dekabr aralygynda geçiriler. Ýurtda ilat ýazuwy iň soňky gezek 1995-nji ýylda geçirilipdi. Şonda Türkmenistanyň ilatynyň jemi sanynyň 4 million 483 müň adama barabardygy habar berlipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG