Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Siriýa himiki ýaraglar babatda duýduryş berdi


“Şu gün men şuny Assad we onuň golastyndakylar üçin aýdyňlaşdyrmak isleýärin: dünýä synlap dur” diýip, Obama aýtdy.
“Şu gün men şuny Assad we onuň golastyndakylar üçin aýdyňlaşdyrmak isleýärin: dünýä synlap dur” diýip, Obama aýtdy.
Eger-de Siriýanyň režimi gozgalaňçy söweşijilere ýa-da oppozisiýanyň tarapdarlaryna garşy himiki ýaraglary ulansa, onda “onuň netijeleri bolar” diýip, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada duýdurdy.

“Şu gün men şuny Assad we onuň golastyndakylar üçin aýdyňlaşdyrmak isleýärin: dünýä synlap dur” diýip, Obama 3-nji dekabrda Waşingtonda aýtdy.

“Himiki ýaraglaryň ulanylmagy düýbünden kabul ederlikli däldir we bolmazam. Bu ýaraglary ulanmak bilen tragiki ýalňyşlyk goýberseňiz, onda onuň netijeleri bolar we jogapkärçilige çekilersiňiz” diýip, Obama nygtady.

Eger-de režim himiki ýaraglary ulansa, onda onuň nähili netijeleriniň boljakdygy barada Obama jikme-jik aýtmady.

Obamanyň beýanatyndan öň, ABŞ-nyň resmileri soňky günleriň dowamynda Siriýa režiminiň himiki ýaraglaryň böleklerini ýerinden gozgaýandygyny aňtaw gulluklarynyň ýüze çykarandygy barada aýdypdy. Olaryň oppozision güýçlere garşy ulanylmagy mümkin diýilýär.

2011-nji ýylyň başynda Siriýada “Arap bahary” görnüşindäki protestler we gozgalaňlar ýüze çykany bäri on müňlerçe siriýalylar heläk boldy.

‘Gyzyl çyzyk’

Mundan öň Ak Tam himiki ýaraglaryň islendik görnüşde ulanylmagynyň Waşington üçin “gyzyl çyzyk” hökmünde alamatlanjakdygyny mälim etdi.

Siriýanyň himiki ýaraglary baradaky habarlara jogap edip, ýurduň Daşary işler ministrligi hökümetiň siriýalylara garşy hiç hili ýagdaýda himiki ýaraglary ulanmajakdygyny aýtdy.
Režim özünde şeýle ýaraglaryň bardygyny inkär etmedi. Siriýanyň tophanasynda örän zäherli gorçisa gazynyň we zarinanyň bardygy aýdylýar.

Bu aralykda, 4-nji dekabrda NATO Türkiýäniň howa hüjümlerinden goranyş raketlary baradaky talabyny resmi taýdan tassyklar diýlip garaşylýar. Türkiýe olary Siriýadan öz territoriýasyna gelip biljek raketalardan we uçarlardan goranmak üçin soraýar.

Bu çäre NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Brýusselde geçiriljek duşuşygynda goldaw tapar diýlip garaşylýar.

Habarlarda aýdylmagyna görä, NATO-nyň agzasy Türkiýäni Birleşen Ştatlar bilen Gollandiýanyň “Patriot” kysymly raketlar bilen üpjün etmegine garaşylýar. Olar raketalaryň we uçarlaryň öňüni kesmäge mümkinçilik berýär.

Wladimir Putin Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan bilen Stambulda, 3-nji dekabr.
Wladimir Putin Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan bilen Stambulda, 3-nji dekabr.
Siriýa serhedinde “Patriot” raketalarynyň ornaşdyrylmagy diňe duşmançylygy güýçlendirip biler diýip, 3-nji dekabrda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan bilen Stambulda duşuşandan soň aýtdy.

Siriýadaky çaknyşyklardan bosup gelen müňlerçe siriýalylara howandarlyk edýän Türkiýe Assadyň režiminiň gyrakladylmagyna yzygideri çagyryş edip gelýär.

Siriýanyň öňden gelýän ýarany bolan Orsýet bu çaknyşyklara daşardan gatyşylmagyna garşy çykýar.

Orsýet Damaskdaky hökümete garşy halkara basyşlaryň güýçlendirilmegini maksat edinýän BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň üç sany rezolýusiýasyna weto goýdy. Siriýa režiminiň esasy ýarag üpjünçisi bolan Orsýet Türkiýäniň, Günbataryň we arap ýurtlarynyň gozgalaňçylara goldaw bermek baradaky tagallalaryna hem garşy çykýar.

Siriýadaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň barha ýaramazlaşmagy bilen, Birleşen Milletler Guramasy özüniň bu ýurtdaky ýardam beriş işlerini togtadýandygyny we juda zerur bolmadyk halkara işgärleriniň ählisini yzyna çagyrýandygyny yglan etdi.

BMG-niň Siriýada 100 sany halkara işgäri we 900-e golaý siriýaly işgäri bar.
XS
SM
MD
LG