Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama Siriýa himiki ýarag meselesinde duýduryş berýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Siriýanyň hökümetine, eger režim gozgalaňçy söweşijileriň garşysyna himiki ýarag ulansa, “munuň netijeleriniň” boljagyny duýdurdy.

Obama Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada we onuň komandasy astynda işleýänlere himiki ýaraglary ulanmagyň düýpden kabul ederliksizdigini açyk aýtmak isleýändigini aýtdy. Obama režim himiki ýaraglary ulanan ýagdaýynda, oňa nämeleriň garaşýandygyny aýtmady.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary soňky günlerde siriýa režiminiň himiki ýarag böleklerini bir ýerden başga ýere geçirýändigini anyklady. Obamanyň duýduryşy şu habar bilen bagly.

Ak tam duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň siriýa režiminiň gozagalaňçy güýçlere garşy himiki ýaraglary ulanmak ähtimallygyndan alada galýandygyny aýtdy.

Ak tam beýle ýaraglary ulanmagyň gyzyl çyzykdan geçmek boljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG