Sepleriň elýeterliligi

BMG Ysraýylyň ýadro derňewi üçin açylmagyny talap edýär


BMG-niň Baş Assambleýasy Ysraýylyň öz ýadro programmasyny halkara inspeksiýasy üçin açmagyna çagyrýan rezolýusiýany tassyklady.

Duşenbe güni, 167 agzanyň goldamagynda, 6 agzanyň garşylygynda we 6 agzanyň saklanmagynda kabul edilen rezolýusiýa Ysraýyly “gijikmezden”, Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasyna hem goşulmaga çagyrdy.

Bu rezolýusiýa garşy ses beren ýurtlar Ysraýyl, Birleşen Ştatlar, Kanada, Marşal adalary, Mikroneziýa we Palau.

193 agzaly Baş Assambleýanyň kabul eden rezolýusiýalary ýuridiki taýdan hökmany däl, ýöne dünýä döwletleriniň pikirlerine täsir ýetirýär.

Ysraýylyň esli mukdarda ýadro ýaragy bardyr öýdülýär, ýöne ol muny hiç wagt tassyklamady.
XS
SM
MD
LG