Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Üç käse çaýyň” soawtory özüni heläkledi


Resmiler “Üç käse çaý” atly dawaly kitabyň soawtorynyň özüni heläkländigini aýdýarlar.
Bu kitapda Owganystanda we Pakistanda gyzlar üçin gurlan mekdep barada gürrüň berilýär.

Saglyk resmileri Deýwid Oliwer Reliniň noýabryň ortasynda, Birleşen Ştatlaryň Oregon ştatynda özüni öldürendigini tassyk etdiler.

“Üç käse çaý” 2006-njy ýylda çap edildi we şondan bäri onuň 4 million çemesi satyn alyndy. Bu kitapda onuň beýleki egindeş awtory Greg Mortensonuň Owganystanyň we Pakistanyň garyp obalarynda mekdep, hususan-da gyz mekdeplerini gurmak işine gatnaşyşy barada gürrüň berilýär.

Bu kitap geçen ýyl derňew astyna düşdi, amerikan žurnalistleri Mortensonyň esasy elementleri galplaşdyrandygyny we ýylmandygyny öňe sürdiler.

“Assoşeýted pres” Reliniň ýuridiki dokumentlerde bu aýyplamalaryň öz durmuşyna ýaramaz täsir edendigini boýun alandygyny ýazýar
XS
SM
MD
LG