Sepleriň elýeterliligi

Obama ýaraglar meselesinde Moskwa bilen işleşmäge taýýardygyny aýdýar


Prezident Barak Obama özüniň öňki Sowet Soýuzynda ýadro we himiki ýaraglaryň müňlerçesini zyýansyzlandyrmaga kömek eden şertnamany täzelemek üçin Orsýet bilen işleşmäge taýýardygyny aýdýar.

Obama duşenbe güni Moskwanyň “Howplary bilelikde kemeltmek” programmasyny 20 ýyllyk pakty üýtgetmezden täzelemejegini aýdandygyny boýun aldy.

Resmiler ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilen programmanyň 7650 sany strategiki söweş kellesini we müňlerçe raketany zyýansyzlandyrmaga kömek edendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG