Sepleriň elýeterliligi

Müsürde oppozisiýa täze protest planlaşdyrýar


Şu gün Müsürde oppozisiýa tarapdarlary täze konstitusiýanyň taslamasyna we prezident Muhammet Morsiniň özüne çäksiz diýip boljak möçberde ygtyýarlylyk bermegine garşy köpçülikleýin mitingleri we iş taşlaýyşlary geçirmegi planlaşdyrýar.

Prezident Morsiniň konstitusiýa taslamasy baradaky referendumyň 15-nji dekabrda geçiriljekdigini yglan etmegini oppozisiýa gahar-gazap bilen garşylady.

Şol konstitusiýa taslamasy geçen hepde Morsiniň Yslamçy ýaranlarynyň agalygyndaky parlament tarapyndan gyssagly tassyklanypdy.

Bu taslamanyň aýallaryň we azlykdaky toparlaryň hukuklaryny goramagy üpjün ederden gowşakdygy tankyt edilýär.
XS
SM
MD
LG