Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Prokuror tussaglykda ýogalan bloggeriň ýenjilendigini tassyklady


Eýranyň döwlet prokurory žurnalistlere beren maglumatynda, geçen aý polisiýada tussaglykda wagty ölen blogger Sattar Beheştiniň urlup-ýenjilendigini tassyk etdi.

Döwlet prokurory Gulam Hussein Ejehi derňewleriň netijesinde, 35 ýaşly Beheştiniň tussag edilen gününden başlap urlup-ýenjilendigini, ýöne onuň ölüminiň sebäbiniň ýenjilmele däldigini aýtdy.

Ejehiniň aýtamgyna görä, onuň fiziki ýa-da psihologiki urgynyň netijesinde ölen bolmagy mümkin.

Ejehi bu sözleri Tähranyň jenaýat bölüminiň başlygy Kamal Hadianfar işden çetleşdirilenden 2 gün soň aýtdy.

Beheşti 30-njy oktýabrda tussag edilipdi we 3-nji noýabrda “Ewin” türmesinde öldi.
Eýran häkimiýetleri bloggeriň ölümi bilen ilteşikli 7 adamy tussag etdiler.
XS
SM
MD
LG