Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa: NATO-nyň Türkiýäniň raketa talabyny goldamagyna garaşylýar


NATO-nyň Türkiýäniň howa-goranyş raketalary babatdaky talabyny formal taýdan goldamagyna garaşylýar.

Türkiýe NATO-dan, goňşy Siriýadan raketa we uçar howpy abanan ýagdaýynda, olara gaýtargy berip biljek howa-gorag raketalarany sorapdy.

Bu talabyň sişenbe güni, NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Brýusselde geçýän maslahatynda goladaw tapmagyna garaşylýar.

Maglumatlara görä, Birleşen Ştatlar we Niderlandiýa NATO-nyň agzasy Türkiýäni “Patriot” raketalary bilen üpjün etmäge razy bolupdyr.
XS
SM
MD
LG