Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlular bilen işleşen owganlylar gorkuda


 NATO-nyň liderligindäki goşun 2014-nji ýylda Owganystany terk etmegi planlaşdyrýar.
NATO-nyň liderligindäki goşun 2014-nji ýylda Owganystany terk etmegi planlaşdyrýar.
“Talyban” NATO-nyň liderligindäki koalisiýa güýçleri bilen işleşýänleri "dönük" diýip atlandyryp, olaryň öldüriljekdigini aýdyp gelýär.

Aglaba bölegi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan bolan NATO-nyň liderligindäki goşun 2014-nji ýylda Owganystany terk etmegi planlaşdyrýar we olar bilen bile işleşen owganlylar geljege gorky bilen garaýarlar.

Olaryň gorkulary aralarynda gowy ornaşana meňzeýär. Mundan ozal daşary ýurt harby güýçleri bilen işleşýän Owganystanyň onlarça raýaty "Talyban" tarapyndan nyşana alnypdy. 14-nji noýabrda şeýle wakalardan ýene biri amala aşyryldy. Şonda "Talyban" Kabulyň golaýyndaky NATO-nyň goşunynda işleýän iki owgan terjimeçisini atyp öldürdi.

Olaryň jesetleri maşynlarynyň golaýynda goýlup gidilipdir. Mundan ozalam şeýle wakalar bolupdy. Daşary ýurt harbylary bilen hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, wezipelerini terk etmeseler, öldüriljekdigi aýdylyp, özlerine haýbat atylypdyr.

Muňa jogap hökmünde NATO-nyň käbir agzalary we onuň soýuzdaşlary howp abanýan owgan işçileriniň Owganystany terk etmegine kömek etmek üçin ýörite immigrasiýa programmasyny işläp düzdüler. Ýöne agzalýan programma ýüzlenen köp owganlar daşary ýurduň immigrasiýa gulluklaryndan käwagt birnäçe ýyllap jogap almaýandyklaryny we özleriniň ikarada galýandyklaryndan şikaýat edýärler.

2009-njy ýylda Amerikada döredilen "Owgan soýuzdaşlary programmasy" atly bir inisiatiwa topary ABŞ-nyň hökümeti üçin işleýän owgan işçilerine berilýän wizalaryň sanyny artydrmak maksady bilen iş alyp barýar.

Ol geçen 5 ýylyň dowamynda 7500 owganyň öz maşgalasy bilen ABŞ-a göçmegi üçin şert döredendigini aýdýar, emma şu wagta çenli olardan diňe 293-siniň işine seredilipdir. 2010-njy ýyldan bäri hem diňe 31 işiň pozitiw çözlendigi aýdylýar. Bu mümkinçilikden peýdalanmak üçin, owganlylar özleriniň yzygiderli gorkuzylýandygyny we azyndan 1 ýyl ABŞ-nyň hökümeti üçin işländigini subut etmeli.

Adynyň agzalmagyny islemeýän ABŞ-nyň döwlet departamentiniň resmisi howpsuzlyk aladalary sebäpli wiza sorap ýüz tutulanda, bu işiň çözgüdiniň eglenýändigini boýun aldy: "Biz "Ýörite immigrant wizasyny " alýanlaryň, edil beýleki ABŞ-a gelýänler ýaly, biziň howpsuzlygymyza howp salmaýandygyny anyklamaga borçly".

Döwlet departamentiniň wekiliniň aýtmagyna görä, “ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynda agzalýan ýörite immigrant wiza prosesiniň hemme etaplarynda netijeliligini gowulandyrmak we seredilýän işleriň öňündäki böwetleri aýyrmak üçin, serişdeler gönükdirildi we tagallalar artdyryldy."

ABŞ-dan başga-da, NATO-nyň ýene bir agzasy Kanadanyň hem Owganystandaky kanadaly esgerlere we diplomatlara terjimeçi bolup işleýän owganlar üçin ýorite immigrasiýa programmasy bar. Şu güne çenli Kanada 800 owgany we olaryň maşgala arzalaryny kabul etdi. Kanadanyň Owganystanda entek hem 1000 esgeri bar. 2009-njy ýylda agzalýan programma başlaly bäri, oňa 6000 töweregi immigrasiýa arzasy gelip goşuldy.

Muňa garamazdan, Awstraliýa 1500 töweregi NATO degişli bolmadyk esgeri bilen bileleşigiň Owganystan missiýasyna goşant goşsa-da, onuň bu ugurda hiç hili ýörite wiza programmasy ýok. Bu barada ençeme ýyldan bäri diskussiýa edilip gelinmegine garamazdan, käbir awstraliýaly deputatlar şeýle programmanyň öňden hem işi ýetik bolan immigrasiýa edarasynyň ýolbaşçylarynyň işlerini hasam artdyrjakdygyny aýdýarlar.

ABŞ-nyň wizasy üçin ýüzlenenleriň biri hem kabully 25 ýaşly owgan işçisi Edris.

Edris Owganystanyň gündogaryndaky söweş nokatlarynda 18 aý töweregi ABŞ-nyň we Britaniýanyň esgerleriniň terjimeçisi bolup işledi. Edris birnäçe aýlap arzasynyň jogabyna garaşandan soň, ol özüni daşary ýurt iş berijiler tarapyndan äsgerilmeýän we özüne dönüklik edilen ýaly duýýandygyny aýdýar.

Ol maý aýynda ýüzlenen ilkinji arzasyndan bäri hiç hili habaryň ýokdugyny we hatda özüniň dokumentleriniň kabul ýa-da ret edilendigini hem bilmeýändigini aýdýar.

Howpsuzlyk sebäpli doly adynyň tutulmagyny islemeýän Edris, yzly-yzyna ölüm gorkuzmasyny alan birnäçe owgan kärdeşleriniň öldürilmegine şayat bolansoň, maý aýynda işinden çykandygyny aýdýar.

Maý aýynyň başlarynda oňa gijeki hat diýlip atlandyrylýan usul arkaly haýbat atylypdyr. Ol bu hatyň "Talyban" tarapyndan iberilendigini aýdýar. Olar hatda Edrise işini taşlamagyny, ýogsam onuň we maşgalasynyň öldüriljekdigini duýdurypdyrlar. Edris üçin hat soňky damja bolup, ol hat gowşman gününiň ertesi işinden çykýar.

NATO-nyň liderligindäki koalisiýa güýçleri üçin işleýän owgan terjimeçileri, söweşijileriň amala aşyrmagy planlaşdyrýan hüjümlerini öňünden bilmek jähtinden aýratyn ukyba eýedirler. "Talyban" bolsa daşary ýurt "basybalyjylaryň" "içalysy" diýip, mydama olaryň gözleginde bolýar.

Owganystanyň resmi çeşmeleriniň maglumatyna görä, “geçen 5 ýylyň dowamynda 25 terjimeçi ýörite nyşana alnyp öldürildi, olardan ençemesi hem ýaralandy”.
XS
SM
MD
LG