Sepleriň elýeterliligi

NATO Türkiýäniň raketa talabyny kanagatlandyrýar


Germaniýaly esgerler Bad Suelzedäki “Patriot” raketalarynyň ýanynda, 4-nji dekabr.

Germaniýaly esgerler Bad Suelzedäki “Patriot” raketalarynyň ýanynda, 4-nji dekabr.

NATO Türkiýäniň öz territoriýasynda “Patriot” raketalaryny ornaşdyrmak baradaky talabyny tassyklandygyny aýdýar. Türkiýe bu çäräni Siriýadan edilip bilinjek hüjümlerden goranmak üçin amala aşyrýar.

Bu garaşylan netije NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Brýusselde geçirilen duşuşygyndan soň yglan edildi.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen bu kararyň hüjüm etmegi niýet edinýän islendik tarapa açyk yşarat berýändigini aýtdy.

“Türkiýe NATO-nyň goldawyny sorady we biz güýçli raýdaşlyk ruhy bilen Türkiýäniň ýanynda durýarys” diýip, Rasmussen aýtdy.

“Türkiýäniň raýatlaryna şuny diýýäris: “Biz sizi we siziň territoriýaňyzy goramaga ygrarlydyrs”. Türkiýä hüjüm etmek islejek islendik tarapa şuny aýdýarys: “Bu barada pikirem etmäň!”.

Rasmussen özünde “Patriot” raketalary bar bolan NATO ýaranlary bu karary tassyklandan soň, olaryň “birnäçe hepdeleriň dowamynda” Türkiýede ornaşdyryljakdygyny aýtdy.

28 agzaly ýaranlygyň beýanatynda “hersiniň milli proseduralary amala aşyrylandan soň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň we ABŞ-nyň “Patriot” raketalary bilen üpjün etmegi niýet edinmegini” NATO-nyň gowy garşylaýandygy aýdylýar.

Diňe Birleşen Ştatlar, Germaniýa we Gollandiýa raketa sistemalaryny ornaşdyryp bilýän ýurtlardyr.

'Diňe goranmak üçin'

Siriýanyň uzak wagtlyk ýarany Orsýet sistemalaryň ornaşdyrylmagynyň duşmançylygy güýçlendirjekdigini duýdurdy.

Emma Rasmussen olaryň “diňe goranmak” üçin ýerleşdiriljekdigini nygtady we hiç hili hüjüm operasiýalary üçin ulanylmajakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Rasmussen himiki ýaraglaryň ulanylmak ähtimallygyna garşy Siriýanyň režimine duýduryş berdi.

“NATO ministrleri Siriýa režiminiň himiki ýaraglary ulanmak barada pikir edýän bolmagynyň mümkindigi baradaky habarlara biragyzdan çynlakaý alada bildirdiler” diýip, ol aýtdy. “Şuňe meňzeş islendik çäre düýbünden kabul ederlikli däldir we ol halkara kanunlarynyň açyk görnüşde bozuldygy bolar”.

Bu aralykda, Siriýanyň paýtagty Damskyň günorta eteginde çaknyşyklaryň dowam edýändigi habar berildi.

4-nji dekabrda düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça gözegçi guramasy Beýt Sahamyň, Akrabanyň we Ýaldanyň eteginde, şeýle hem Damaskyň halkara aeroportunyň ýanynda çaknyşyklaryň güýçlenýändigini aýtdy.

Siriýada gozgalaňlar başlanaly bäri 40,000-e golaý adamyň öldürilendigi çak edilýär.
XS
SM
MD
LG