Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Transparency International: Döwletleriň üçden ikisi korrumpirlenen


Parahorluga garşy çykýan “Transparency International” guramasynyň maglumatyna görä, korrumpirlenen hökümete garşy köpçülikleýin närazylgyň artmagyna garamazdan, ýokary derejedäki parahorluk, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly zatlar jemgyýeti “tozdurmagy” dowam edýär.

Düýbi Berlinde ýerleşýän guramanyň “Korrupsiýanyň görkezijileri” atly hasabatynda bellenilmegine görä, 176 ýurduň üçden ikisinde raýatlar özleriniň hökümetlerini ýokary derejede korrumpirlenen diýip hasaplaýarlar.

Türkmenistan 176 ýurduň arasyndan, 170-nji orunda ýerleşdirildi.

Şu ýylky hasabata görä, iň korrumpirlenen döwletler Owganystan, Demirgazyk Koreýa we Somaliýa bolup, olar 174-nji orunda ýerleşdirilipdirler.
XS
SM
MD
LG