Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Mohammad Mursi prezident köşgüne dolandy


Müsüriň ýolbaşçysy Mohammad Mursi Kaýirdäki prezident köşgüne dolanyp, öz wezipesine girişdi. Bu aralykda, köp sanly adam, çadyrlary dikip protest çärelerini dowam etdirýärler.

Sişenbe güni, prezident köşgüniň daşynda onlarça müň protestçi ýygnanandan soň, Mursi köşgi terk edipdi.

Protestçiler Mursiniň häkimiýetden gitmegini talap etdiler. Olar iki hepde mundan ozal, Mursiniň öz ygtyýarlyklaryny artdyrýan kanuny kabul edeninden närazy bolýarlar. Şeýle-de protestçiler ýurduň täze konstitusiýasynyň taslamasynyň üstünde, Mursiniň yslamçy ýaranlarynyň işleýändiginden nägile.

Polisiýa protestçileri dargatmak üçin, göz ýaşardyjy gazy ulandy. Emma, biraz wagtdan soň, yza çekildi. Müsüriň beýleki şäherlerinde hem, protester ýüz beripdi.

Mursi ýurduň konstitusiýasy kabul edilenden soň, öz üstüne alan goşmaça ygtyýarlyklaryndan ýüz öwürjekdigini aýdýar. Ol 15-nji dekabra referendumy belledi.

Mursiniň tankytçylary täze konstitusiýanyň esasy adam hukuklaryny göz öňünde tutmaýandygyny belläp, Mursini diktator ýaly hereket etmekde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG